Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ bilen gepleşikleri çöken "Talyban" Orsýetden soň Eýrana sapar edýär 


“Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi
“Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi

“Talybanyň” dört adamdan ybarat delegasiýasy ýokary derejeli eýran resmileri bilen gepleşmek üçin Tährana sapar edýär.

Bu jeňçileriň prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň parahatçylyk gepleşikleriniň çökendigini aýdanyndan soň geçen birnäçe günde daşary ýurda edýän ikinji saparydyr.

“Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň sözçüsi Suhail Şahin 17-nji sentýabrda twitterde syýasy býuronyň başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafiniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň bir gün ozal Eýrana gelendigini we Eýranyň DIM-niň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşandygyny habar berdi.

Şahin delegasiýa agzalarynyň atlaryny aýtmady. Iki tarap parahatçylyk prosesini, soňky ýagdaýlary, Owganystanyň we Eýranyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy diýip, Şahin aýtdy.

Ol 13-nji sentýabrda “Talyban” delegasiýasynyň Moskwada Orsýetiň Owganystandaky ýörite wekili Zamir Kabulow bilen duşuşandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG