Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Kremlden kowmak üçin birnäçe aý bäri pyýada ýöräp gelýärkä ýüzi perdeli polisiýa güýçleri tarapyndan tussag edilen we Ýakutiýa sebitinde ruhy hassahana ýerleşdirilen ýakut şamany bir gijelik öýüne goýberildi.
Aleksandr Gabyşewiň goldawçysy Wiktor Ýegorow AÝ/AR-a 20-nji sentýabrda şamana bir gijäni öýünde geçirmek rugsadynyň berlendigini, onuň 21-nji sentýabrda tussaghana dolanmalydygyny aýtdy.
"Ol derňew wagtynda tussaghanada bolar. Ol maňa özüniň häzirki syýasy gurluşy agdarmaga synanyşmak aýyplamasy esasynda sud ediljekdigini aýtdy. Bu onuň maňa aýdan zady, bu ekstremizm aýyplamasy ýaly bir zat bolup görünýär” diýip, Ýegerow gürrüň berdi.
Şamanyň ýene bir goldawçysy Ýewgeniý Rostokin AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde Gabyýşewiň sudda özüniň bigünädigini subut etmäge taýýardygyny aýtdy.
“Onuň aklawçysy bar. Emma goşmaça ýuridiki kömekleri hem berilse artykmaçlyk etmezdi. Eger adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler kömek berse, biz minnetdar bolardyk” diýip, Rostokin Sibir sebitiniň üç şäheriniň, Çitanyň, Irkutskiniň we Ulan-Udeniň ýaşaýjylarynyň Gabyşewiň azat edilmegini talap etmek üçin ýygnanyşyklary geçirmegi planlaşdyrýandyklary hem sözüne goşdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.