Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Aşgabat häkimleriniň işinden kemçilik tapdy


Türkmen resmileri
Türkmen resmileri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji sentýabrda Rejepmyrat Annaberdiýewi “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şol günüň özünde Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary Merdan Gurbangulyýew hem wezipesinden boşadyldy. Resmi maglumata görä, ol hem “işde kemçilik goýbermekde” aýyplanýar.

Adatça bolşy ýaly, resmi metbugat ozalky resmileriň işde goýberen kemçilikleri barada hiç bir goşmaça maglumat bermeýär.

Bu wezipeden boşatmalar Aşgabatda korrupsiýa faktlarynyň nobatdaky "paş edilmesiniň" we däp bolan "teletobalaryň" yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda soňy 29 ýylda dürli derejelerdäki resmileriň prezident tarapyndan “işde kemçilik goýberdi” diýlip wezipeden boşadylmagy, olaryň ornuna köplenç orunbasarlarynyň bellenmegi we birazdan ýene bu ýadaýyň gaýtalanmagy kada öwrüldi.

Saparmyrat Nyýazow döwründe wezipesinden boşadylýan ýokary derejeli resmiler ýygy-ýygydan jenaýatda aýyplanýardy we, baş prokuroryň hasabat bermegi bilen, öňki resmileriň edendigi aýdylýan jenaýatlar halka mälim edilýärdi.

Synçylar G.Berdimuhamedowyň döwründe bu "aýanlygyň" azalandygyny aýdýarlar

XS
SM
MD
LG