Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan resmileri: “Talyban” agyr ýitgilere sezewar boldy


Owgan esgeri (arhiw suraty)

Owganystanyň ençeme welaýatynda hökümet güýçleriniň geçiren soňky operasiýalarynyň netijesinde “Talyban” jeňçileri agyr ýitgilere sezewar boldy diýip, owgan resmileri maglumat berýärler.

Paýtagt Kabulyň demirgazygyndaky Parwan welaýatynyň polisiýa başlygynyň 22-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, şenbe güni giçlik Çarikar sebitinde ýüze çykan çaknyşyklaryň netijesinde “Talybanyň” kommandiri we alty jeňçisi öldürilipdir.

Gazni welaýatynyň harby resmileri öten agşam Mukur, Raşidan we Waghaz etraplarynda geçirilen operasiýalarda “Talybanyň” azyndan 16 jeňçisiniň öldürilendigini aýtdylar.

Balh welaýatynyň Zari etrabynda “Talybanyň” bellän resmi bolmadyk häkimi hem öldürildi diýip, owgan resmileriniň beýanatynda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG