Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Pekiniň etniki uýgurlary Hytaýa ibermek baradaky talaplaryny ret etmäge çagyrdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo ähli döwletlere ýüzlenip, Pekiniň etniki uýgurlary yzyna - Hytaýa ibermek baradaky talaplaryny ret etmäge çagyrdy. Pompeo bu barada 22-nji sentýabrda çykyş etdi.

Pompeo Pekiniň Şinjiang sebitindäki uýgur musulmanlaryny tussag etmeginiň – Hytaýyň aýdyşy ýaly – terrorizm bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny belläp, eýse munuň azlykdaky medeniýetleri we dinleri “ýok etmek” synanyşygydygyny nygtady.

“Men Hytaýyň Şinjiang sebitinde alyp barýan repressiýa kampaniýasynyň terrorizm bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýan edesim gelýär. Bu Hytaýyň öz raýatlaryny ýok etmek synanyşygydyr... Biz ähli döwletlere ýüzlenip, Hytaýyň uýgurlary yzyna ibermek baradaky talaplaryny ret etmäge çagyrýarys” diýip, Pompeo belldi.

Ol bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk maslahatynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň, ýagny Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen geçiren duşuşygyndan soň çykyş etdi.

BMG-niň adam hukuklary resmileri 2018-nji ýylda 1 million çemesi uýguryň Hytaýdaky içerki “ekstremizme garşy merkezlerde” saklanylýandygyny, ýene millionlap adamyň “gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerine” ýerleşdirilendigini aýtdylar.

Pekin bu lagerleriň adamlaryň hünär taýýarlyklaryny ösdürmek üçin niýetlenen “dynç alyş merkezleridigini” öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG