Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda PÝGG gözegçiligi güýçlendirdi; raýatlar ‘para zerarly’ ulaglaryny sürmekden saklanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebabyň polisiýa işgärleri ýurtda dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygy ulag sürüjilerden para almagyň guralyna öwürdiler diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär. Habarçy şu sebäpli ulag eýeleriniň ençemesiniň bu biraýlyk tamamlanýança, öz ulaglaryny sürmezligi makul hasaplaýandygyny hem aýtdy.

“Lebap welaýatyndaky Polisiýanyň ýol gözegçiligi gulluklary (PÝGG) pyýadalara we ulag sürüjilere edýän gözegçiliklerini güýçlendirdiler. Olar ulagyň ýa-da onuň dwigateliniň könedigini aýdyp, dürli bahanalar bilen ulag eýelerine jerime ýazýarlar ýa-da olardan para alýarlar. Korrupsiýa bu aýlygyň dowamynda möwjedi. Bu ýagdaýdan ýadan ulag eýeleriniň ençemesi bu biraýlyk tamamlanýança, indi öz ulaglaryny sürmeýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 23-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, hatda käbir döwlet edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary-da bu biraýlygyň dowamynda döwlet belgili köne ulaglary köçä çykarmazlyk barada karar kabul edipdir.

“Kärhana ýolbaşçylary döwlet belgili köne ýük ulaglary kärhanalaryň garažyndan çykarmaga rugsat bermeýärler. Pagta kärhanalaryna we ammarlara degişli sähel köne ulaglary hem şu aý ulanyşa çykarmaýarlar” diýip, habarçy howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Habarçy bu ýagdaýyň, pagta ýygymynyň dowam edýän we pagta hasylynyň döwlet harmanlaryna daşalýan döwründe, hususan-da, ýygymçylara we pagtaçy daýhanlara ýaramaz täsir ýetirýändigini belleýär.

“Adamlar ýygan hasyllaryny harmanlara tabşyrmakda uly kynçylyk çekýärler. Olar goşmaça çykdajy edip, hususy eýeçilikdäki gurat ýük ulaglarynyň hyzmatyndan peýdalanmaly bolýarlar. Munuň üçin olar öz jübülerinden pul çykarmaly bolýarlar” diýip, pagtaçy kärendeçileriň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän biraýlyk dowam edýär. Tutuş sentýabr aýyny öz içine alýan bu biraýlygyň dowamynda PÝGG-niň işgärleri esasan awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlyk derejesine hem-de ýurtdaky magistrallarda, ýollarda, köçelerde we ýodalarda köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozýan sürüjilere we pyýadalara gözegçiligi güýçlendirýärler.

20-nji sentýabrda Mary şäheriniň polisiýa işgärleriniň köçelerdäki geçilmesiz ýerlerden geçýän pyýadalara jerime salmak çärelerini güýçlendirendigini we düzgüni bozýan raýatlara 12 manat möçberinde pul jerimesini ýazýandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysy habar berdi.

Şol bir wagtda, habarçy Mary şäheriniň köçeleriniň aglabasynda pyýadalar üçin niýetlenen geçelgeleriň aralarynyň juda uzakdygyny, käbir köçeleriň çatrygynda bolsa geçelgeleriň düýbünden ýokdugyny belledi.

21-nji sentýabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Aşgabatda, hususan-da, şäheriň protokol köçelerinde, şol sanda “10 ýyl abadançylyk” köçesinde PÝGG-niň işgärleriniň ulag sürüjileriniň resminamalaryny köpçülikleýin barlap başlandygyny habar berdi.

“Sürüjiler günüň dowamynda bir gezek köçä çykanlarynda, hiç bir köçe-ýol hereketi bozulmasa-da, özleriniň ençeme gezek saklanýandygyny aýdýarlar. PÝGG-niň işgärleri pyýadalary hem saklaýarlar” diýip, neşir öz maglumatynda belleýär.

16-njy awgustda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) biraýlygyň çäginde geçirilýän çärelere ähli jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň işjeň çekiljekdigini, olaryň mowzuklaýyn wagyz-nesihat işlerine gatnaşdyryljakdygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň onlarçasy biraýlygyň dowamynda köçelerde polisiýa işgärleriniň sanynyň juda köpelýändigine we munuň ýaşaýjylardan “dürli bahanalar bilen para almak aýyna öwrülýändigine” ünsi çekýärler.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň “Döwlet adam üçin” diýen ýörelgeden ugur alýandygyny tekrarlaýar.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri, şol sanda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi köçe-ýol hadysalary bilen bagly statistiki maglumatlary halk köpçüligine aýan etmeýärler. Ýurduň köpçülikleýin media serişdelerinde köçe-ýol heläkçilikleri barada wideo reportažlar goýberilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG