Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada aýal-gyzlaryň bikini-kupalnikde suwa düşmegi gadagan edildi


Awazanyň kenarynda 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda düşürilen suratda aýal-gyzlaryň köýnekde deňze girýandigini görse bolýar.

Şu ýyl Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň plýažlarynda aýal-gyzlaryň bikini-kupalnikde suwa düşmegi gadagan edildi. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň aýtmagyna görä, bu gadagançylyga boýun bolmadyk aýal-gyzlara 200 manat möçberinde pul jerimesi salynýar. Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan raýatlaryň daşky keşbi ýa-da geými bilen bagly çäklendirmeleriň we talaplaryň girizilmegi öňden hem bar bolup, bu ýurtda aýal-gyzlaryň kupalniklerine garşy gadagançylyk girizmek synanyşygy bilen bagly ilkinji waka däl.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň tassyklamagyna görä, gadagançylyk diňe kupalnikler we bikiniler bilen hem çäklenmeýär, aýal-gyzlara dar, endamyňa ýapyşyp duran geýimde suwa düşmäge hem rugsat berilmeýär.

“Şu tomusda deňziň boýunda dynç almaga gelen aýal-gyzlaryň kenarda sähel açygrak ýa dar geýimde suwa düşmegini gadagan etdiler. Talaba boýun bolmadyk, ýagny rugsat berilmedik geýimlerde suwa düşen aýal-gyzlara 200 manatdan başlanýan jerime salyndy. Şu ýylky dynç alyş möwsüminde aýal-gyzlaryň kadaly dynç almagyna rugsat bermediler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly habarçy gürrüň berdi.

Geçen hepde birnäçe gün Awaza milli syýahatçylyk zolagynda bolan habarçynyň sözlerine görä, kenara gözegçilik edýän ýörite polisiýa işgärleri aýal-gyzlaryň geýim-gejimlerine gözegçilik edýärler. Aýal-gyzlaryň Hazar deňziniň kenarynda suwa düşmegine geçen ýyl hem gözegçilik edilipdi, ýöne şonda bu çäre bu ýylky dynç alyş möwsüminde bolşy ýaly berk amala aşyrylmady we zenanlara pul jerimesi salynmady.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen Türkmenistandan anonim şertde habarlaşan aşgabatly ýaş zenan geçen hepde Awaza syýahatçylyk zolagyna sapar edendigini we kenarda bikini-kupalnikde suwa düşendigini aýdyp, özüniň gadagançylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmandygyny belledi.

Ýöne ol Hazar deňziniň kenarynda türkmen köýneginde we hijab ýa-da burka geýýän aýal-gyzlar üçin niýetlenen burkinide suwa düşýän zenanlaryň örän köpdügini hem aýtdy. Şeýle-de, ol gadagançylygyň beýleki myhmanhanalaryň plýažlaryna girizilen bolmagynyň mümkindigini hem belledi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Awazada plýaž möwsüminiň adatça oktýabryň ortalaryna çenli dwoam edýändigini aýdyp, şeýle diýdi:

“Awazada sentýabr aýy we oktýabryň birinji hepdesi mahmal möwsüm hasaplanýar. Häzir suw gyzdy we awgust aýy bilen deňeşdirilende suwa düşmek has ýakymly. Howanyň gyzgynlygy heniz hem 30 gradusa çenli ýetýär. Mundanam başga, şu döwürde suwuň kenaryndaky howada ýoduň konsentrasiýasy we beýleki elementler adam saglygy, hususan-da, demgysmaly adamlar üçin örän peýdaly hasaplanýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, aýal-gyzlar özleriniň köýnekde suwa düşmeli bolýandyklaryny, munuň bolsa ýüzmäge we hereket etmäge päsgel berýändigini aýdyp, şikaýat edýärler. “Moral polisiýa” tarapyndan Awazanyň plýažlaryna edilýän gözegçilikler we beýleki çäklendirmeler sebäpli, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, şu ýyl käbir syýahatçylar Türkmenistanyň esasy kurort zolagyna gelmezligi makul hasapladylar.

“Awazada dynç almak örän kynlaşandygy üçin şu ýyl bu ýerde dynç alýanlaryň göz-görtele azalandygyny görse bolýar. Adamlar Gyýanly, Guwlymaýak, Çeleken ýaly Hazar deňziniň kenaryndaky başga ýerlere gidýärler” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Türkmenbaşy şäherinden 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň durmuşa geçirilen iň esasy proýektleriň biri hasaplanýar. Bu proýekte milliardlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi sarp edildi. Ýöne bu ýerde dynç almak türkmenistanlylar üçin hemişe elýeterli bolmansoň, daşary ýurtly syýahatçylar hem örän azlygy sebäpli döwrebap myhmanhanalaryň aglabasy tutuş ýylyň dowamynda boş durýar.

Bu ýerde türkmen prezidenti köplenç dynç alýar we şol döwürde ýurduň adaty raýatlary Awaza goýberilmeýär. Şeýle-de, bu dynç alyş zolagy dürli çäreleriň geçirilýän döwründe hem ilat köpçüligi üçin ýapylýar.

Şu ýylyň awgust aýynda Awazada Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Bu forumyň geçirilen döwri ýerli ýaşaýjylaryň Awaza syýahatçylyk zolagyna girmegi gadagan edildi.

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň geýýän kupalniklerine mundan ozal hem gadagançylyk girizilipdi. Geçen ýylyň aprelinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň bazarlarynda bikinileriň we şortikleriň satuwyna garşy dil üsti bilen gadagançylygyň girizilendigini habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri türkmen aýal-gyzlarynyň, şeýle-de erkekleriň daşky keşbine we geýmine degişli çäklendirmeleri girizmek syýasatyny indi köp wagtdan bäri dowam etdirýärler. Bu çäklendirmeler, hususan-da, soňky ýyllarda güýçlendi.

Geçen ýylyň iýun aýynda Daşogzuň bilim edaralarynda işleýän aýal-gyzlardan milli egin-eşikleri geýmegiň talap edilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň yzygiderli çap eden ençeme habaryndan soň, prokuratura welaýatyň häkiminiň orunbasaryny derňäp başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG