Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep partasyndan harby gulluga: Aşgabatda 18 ýaşyny dolduran okuwçylar gulluga alynýar


Türkmenistan. Arhiw suraty
Türkmenistan. Arhiw suraty

Aşgabatda häkimiýetler orta mekdebi şu ýyl tamamlaýan 18 ýaşly okuwçylary mekdepden harby gulluga çagyrýar.

“Aşgabadyň harby wekilliginiň işgärleriniň paýtagtyň orta mekdeplerinde gutardyş synaglaryna gatnaşýan 18 ýaşyny dolduran okuwçylary harby gulluga äkidýändigi barada maglumat bar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy habar berýär.

Onuň maglumatyna görä, harby wekilligiň işgärleri harby gulluga ýaşy ýeten okuwçylary häzirki çagyryş möwsümine ýetişdirmek üçin mugallymlary gyssap, gysga wagtyň içinde degişli okuwçylaryň ähli bahalarynyň goýulmagyny talap edýärler.

“Goňşymyň uly gyzy şu ýyl uçurym bolýar. Ol käbir klasdaşlarynyň harby gulluga çagyrylýandygyny tassyklady. Olaryň orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryny ene-atalary alar” diýip, habarçy aýtdy.

7-nji iýunda Türkmenistanyň orta bilim berýän mekdeplerinde gutardyş synaglary tamamlanýar.

Türkmenistanda raýatlaryň çagyryş boýunça möhletli harby gulluga häzirki çagyryş 20-nji martda yglan edildi. Ýurduň çagyryş boýunça harby gulluga geçmäge degişli raýatlary aprel-iýun aralygynda goşun gullugyna alnar.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistanda häkimiýetler raýatlary goşun gullugyna çekmek çärelerini uçdantutma güýçlendirdiler.

Şu ýylyň fewral aýynda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky we Aşgabatdaky habarçylary harby gulluga çagyrylmaly raýatlaryň medisina barlaglarynda saglyk komissiýalarynyň gulluga ýarawsyz raýatlar üçin hem “ýarawly” diýip netije çykarýandyklaryny habar berdi:

“Sebäbi goşunyň hatarynda esger ýetmezçilik edýär" diýip, şonda Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatynyň harby wekilliginiň bir işgäriniň gizlinlik şertlerinde aýdan sözlerini getirdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, martyň başyndan bäri, daşary döwletlerde bilim alýan ýaşlary harby gulluk üçin ýurda getirmek çäreleri hem ýygjamlaşdy.

Azatlygyň habarçysy 1-nji aprelde harby häkimiýetleriň Aşgabatda daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalaryna jaň edip, olaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda dolanmaklaryny talap etdiler.

Apreliň aýagynda paýtagtly beýleki bir habarçy daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalarynyň çagalaryna jaň edip, olara okuwy doly tamamlaýançalar ýurda dolanmazlygy tabşyrýandyklaryny habar berdi.

“Indi ýaşlar kanikulda Türkmenistana dolanan mahalynda, olara aeroporta gelen dessine, harby gulluga alynjakdygy aýdylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy aprelde ýetiren maglumatynda aýtdy.

Maý aýynda Aşgabadyň harby wekilliginiň işgärleri Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly bir student Moskwadan Aşgabada dolanan güni, ony paýtagtyň Halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga aldylar.

Munuň yzýany, 4-nji iýunda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Türkiýeden Türkmenistana dolanan dört studentiň Aşgabadyň Halkara aeroportundan göni harby gulluga ugradylandygyny habar berdi.

Türkmenistanda harby gulluga ýarawly 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar goşuna çagyrylýar. Ýurtda hereket edýän kanunçylyk ýokary okuw jaýynda bilim alýan raýatlaryň çagyryş möhletini yza süýşürmäge hukuk berýär. Şeýle-de, çagyryş möwsüminde ýa-da harby gullugy geçýän döwründe iki çagasy bolan raýatlar goşun gullugyndan boşamak hukugyna eýe bolýar.

Ýöne ýurt içinden 30-njy aprelde habar ýetiren habarçymyz ozal 27 bolan bu ýaş çäginiň 35-e çykaryljakdygy, şeýle-de iki çagaly raýatlaryň hem gulluga alynjakdygy barada gep-gürrüňleriň bardygyny aýdypdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary Türkmenistanyň Goranmak ministrligine ýa-da paýtagtyň we welaýatlaryň harby wekilliklerine tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG