26-njy sentýabrda, Norwegiýanyň demirgazyk portunda, ammiak tankeri bolan, 200 müň litr çemesi dizel ýangyçly rus gämisi otlandy, ýerli häkimiýetler partlama töwekgelligi sebäpli töwerekdäki adamlary ewakuasiýa etdiler.
Norwegiýanyň NRK jemgyýetçilik telekompaniýasy Tromsoe sebitiniň Breýwika portunda saklanan “Buhta Naezdnikde” turan ýangynyň 25-nji sentýabrda başlanandygyny habar berdi. Pida bolanlar barada maglumat berilmedi.
NRK gäminiň düşlän ýeriniň töwereginden 100 çemesi adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.
"Ýangyn ammiak tankeriniň golaýynda, emma ol partlamady” diýip, regionyň ýangyn we halas ediş departamentiniň başlygyOeystein Solstad Norwegiýanyň VG gazetine aýtdy.
Gämidäki dizel ýangyjynyň köpüsi öten agşam ýandy, emma ol ýangyjyň käbir bölekleri deňizde hem göründi diýip, polisiýa aýtdy.
64 metr uzynlykdaky “Buhta Naezdnik” 1991-nji ýylda Norwegiýada ýasaldy. VG-nyň maglumatyna görä, bu gäminiň 29 adamdan ybarat ekipaž agzasy bar.