Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp özüniň “aýyplaýjysy” bilen duşuşmak isleýändigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň syýasy garşydaşyny derňemek boýunça Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä basyş edendigi barada şikaýat eden habar berijä gyjalat atyp, özüniň “aýyplaýjysy” bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy.

29-njy sentýabrda Tramp sosial ulgamlarynda habar berijini “meniň aýyplaýjym” atlandyryp, onuň bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol habar berijä “bikanun ýagdaýda bu maglumatlary beren şahsyýet” diýip atlandyran adam bilen hem duşuşmak isleýändigini aýtdy.

“Bu adam ABŞ-nyň prezidentine IÇALYÇYLYK etdimi? Uly Netijeler!” diýip, Respublikan Tramp ýazdy.

“60 minut” gepleşiginde berlen maglumata görä, habar berijä, şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmaýan aňtaw ofiserine, atylan haýbatlardan soň, ol federal gorag astyna alnypdyr.

Habar berijiniň şikaýatynda Trampyň 25-nji iýulda bolan telefon gürrüňinde ukrain prezidentine ozalky wise-prezident Joe Baýdeni we onuň Ukrainada gaz çykarýan kompaniýa bilen işleýän ogly Hanteri derňemek üçin basyş edendigi aýdylýar.

2020-nji ýylyň prezident saýlawlarynda Trampyň esasy bäsdeşleriniň biri bolmaly Demokrat kandidat Joe Baýdeniň Ukraina bilen baglylykda nähilidir bir bikanun iş edendigine delil ýok.

XS
SM
MD
LG