Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Azatlygyň Gyrgyz gullugynyň habarçysyna edilen hüjümiň derňelmegine çagyrýar


Aýbek Kulçumanow
Aýbek Kulçumanow

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasy AÝ/AR-nyň Oş şäherinde hüjüme sezewar bolan habarçysy Aýbek Kulçumanowyň garşysyna edilen hüjümiň hemme taraplaýyn derňelmegine çagyrdy. Kulçumanow biraz soň öz drony bilen ýerli adamy ynjytmakda günäkärlendi.

“Biz žurnaliste garşy edilen islendik hüjümi ýazgarýarys, olaryň öz işlerini etmegine hiç bir päsgelçilik bolmaly däl, olara garşy hiç bir zorluk we haýbat atmalar ulanylmaly däl. Žurnalistleriň öz işlerini howpsuz ýagdaýda ýerine ýetirip bilmegi örän wajyp. Sebäbi söz azatlygy islendik demokratik jemgyýetiň esasy bolup durýar” diýip, HRW-nyň saglyk we adam hukuklary bölüminiň derňewçisi Laura Mills 1-nji oktýabrda Azatlyk radiosyna aýtdy.

Kulçumanowa 28-nji sentýabrda birnäçe ýaş adam hüjüm etdi, olar onuň ýazgy enjamlaryny, drony uzakdan dolandyrýan abzalyny, mobil telefonyny, şahsy dokumentlerini, Bişkekdäki jaýynyň we maşynynyň açarlaryny güýç bilen elinden aldylar.

Kulçumanow hüjüm edilen wagtynda AÝ/AR-nyň derňew maglumaty üçin işleýärdi.

Kulçumanow hüjümçileriň özünden gümrük gullugynyň ozalky başlygy Raýimbek Matraimow barada derňew maglumatyny taýýarlamagy kimiň buýrandygyny sorandyklaryny aýtdy. Polisiýa soňra ady aýdylmadyk üç adamyň Kulçumanowdan alan zatlaryny polisiýa stansiýasyna getirendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG