Müňlerçe adama döwletsizlikden dynmaga we raýat bolmaga kömek eden gyrgyz aklawçysy BMG-niň Bosgunlar gullugynyň şu ýyldaky Nansen Bosgun sylagyna mynasyp boldy diýip, 2-nji oktýabrda yglan edildi.
Gyrgyzystan şu ýylyň iýulynda dünýäde döwletsizligi birinji bolup soňlandan soň, Azizbek Aşurow BMG-niň $150 müňlük baýragynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi.
Sowet döwründe içerki serhetler ýokdy we Merkezi Aziýadaky adamlar diňe içerki dokumentler bilen syýahat edýärdiler.
Emma 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, “bir topar adam, köplenç möhleti geçen sowet pasportlary bilen ýa-da nirede doglandyklaryny subut edip bilmän, täze döredilen serhetleriň çäginde çäresiz galdy” diýip, BMG-niň Bosgunlar edarasynyň beýanatynda aýdylýar. Bu ýagdaý sebitde, şol sanda Gyrgyzystanda ýüzlerçe müň adamyň döwletsiz bolmagyna alyp geldi.
Aşurow we onuň Fergana jülgesiniň serhetsiz aklawçylary guramasy içerki bosgunlyga uçran, döwletsiz we dokumentsiz adamlara mugt kömek teklip etdi, SSSR dargandan soň 10 müňden gowrak adama gyrgyz raýatlygyny almaga kömek berdi diýip, BMG-niň Bosgunlar edarasy aýtdy. Bu guramanyň aktiwistleri gyrak-çetdäki daglyk ýerlerde ýaşaýan adamlaryň hem üstüne baryp, gyrgyz häkimiýetleri bilen ýakyndan işleşdi.
"Biziň usulymyz hökümet bilen işleşmek boldy. Biz olaryň ünsüni çekmegi başardyk we olary özümize dost edindik” diýip, Aşurow aýtdy.