ABŞ-nyň Ukrainadaky ozalky ýörite wekili Kurt Wolker Döwlet departamentiniň gündogar Ýewropa ýurduna göni baglanyşygy bolan we kongresiň üç paneliniň öňünde prezident Donald Trampyň impiçment derňewiniň çäginde görkezme berjekilkinji resmisi bolar.
Onuň 3-nji oktýabrda meýletin, ýapyk gapylaryň arkasynda Wekiller öýüniň üç komitetiniň öňünde görkezme bermegine garaşylýar.Komitet agzalary ondan Trampyň Ukrainanyň prezidentinden öňki wise-prezident Joe Baýdeni we onuň ogly Hanteri Ukrainadaky biznes ylalaşyklary boýunça derňemegi soramak bilen, wezipesini bikanun ulanyp-ulanmandygyny anyklamakçy bolýarlar.
Joe Baýden 2020-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Trampyň baş saýlaw opponenti bolup durýar.
Bu aýyplamlar hökümet wistlbloweriniň, ýagny duýdurjysynyň şikaýatyndan uç alýar, ol Trampyň 25-nji iýulda prezident Wladimir Zelenskiý bilen eden telefon gürrüňiniň jikme-jikliklerini beýan edip, onuň ukrain liderine Baýdeniň ogly Hanteriň 2014-nji ýyldan kakasy aprelde öz kandidatlygyny yglan edýänçä geňeş agzasy bolup işlänenergiýa kompaniýasyny derňemek barada basyş görkezendigini öňe sürýär.
Tramp bu telefon gürrüňiniň öňünden, birden 2014-nji ýyldan bäri Orsýet tarapyndan goldanylýan separatisrler bilen söweşýän Ukraina berilmegi planlaşdyrylan 400 million çemesi harby kömegi saklady.
Tramp-Zelenskiý söhbetdeşliginden bir gün soň, duýduryjynyň şikaýatynda ady agzalan Wolker we ABŞ-nyň EB-däki ilçisi Gordon Sondland ukrain prezidentine Trampyň talaplaryndan “nähili ugur almalydygyny” maslahat berdi.
Wolker geçen hepde, şikaýat bilen baglylykda ady çykandan soňra işden çekildi.
Wolker Trampyň şahsy aklawçysy Rudy Julianini ukrain prezidentiniň kömekçisi Andriý Ýermak bilen hem tanyşdyrdy, ýöne Ýermagyň haýyşy boýunça diýip, Döwlet departamentiniň resmisi “Wall Street Journala” aýtdy.
Tramp Zelenskiý bilen söhbetdeşlik wagtynda onuň Baýdenleri derňemekde Juliani we baş prokuror William Barr bilen işleşmeli boljakdygyny aýtdy.
AP agentligi Wolkeriň 2018-nji ýylyň sentýabrynda Trampyň Zelenskiden derňelmegini soran energiýa kompaniýasynyň geňeş agzasy bilen duşuşandygyny habar berdi.
“Burisma Group” diýlip atlandyrylýan kompaniýanyň geňeşçisi Wadim Požarskiý Wolker bilen Nýu-Ýorkda, düýbi Waşingtonda ýerleşýän ylmy-barlag instituty Atlantik geňeş tarapyndan energiýa meselelerine bagyşlanyp geçirilen çärede duşuşdy.
“Kurtuň Burisma adamlary bilen duşuşmagy ýöne ýerden däl” diýip, Döwlet departamentiniň ozalky ýokary derejeli resmisi Daniel Fried AP neşrine aýtdy.Geljekki Ýewropa inisiatiwasynyň geňeşinde we Ýewraziýa merkezinde uly ylmy barlagçy bolan Fried hem Požarskiý bilen duşuşdy.
Wolker we Požarskiý AP neşiriniň ýazan hatlaryna we telefon jaňlaryna jogap bermedi.
Juliany we Trampy goldaýan beýleki barlagçylar Joe Baýdeni ozal Burismany derňän prokurory işden kowdurmak üçin Ukraina basyş etmekde aýyplady.
Emma muňa garamazdan, Baýden we öňki prezident Barak Obamanyň adminstrasiýasynyň beýleki öňki resmileri ozalky wise-prezidentiň tagallarynyň Hanter Baýdene hiç bir dahylynyň ýokdugyny aýtdylar.
Tersine, bu tagalla ABŞ ýaranlarynyň umumy maksady bolup, Ukrainanyň günbatarly karz berijileriniň we, şol sanda, Kiýewdäki ýerli korrupsiýa gözegçileriniňtalaplary bilen bagly, gürrüňi edilýän prokuror korrupsiýany ýa-da Burismany töwerekleýin derňemändigi üçin işden boşadyldy.
Wezipesinden boşadylan prokuror Wiktor Şokin biraz öň Britaniýanyň Burismany derňemäge kömek etmek barada eden haýyşyndan boýun gaçyrdy.
Haçanda Hanter Baýden Burismanyň direktorlar geňeşine goşulanda, britan hökümeti bu kompaniýanyň 23 million dollaryny doňdurypdy, emma soň, subutnama ýetmezçiligi sebäpli, bu serişdäniň doňy çözüldi.
Bu energiýa kompaniýasy Atlantik geňeşiň esasy donorlarynyň biri bolup, 2018-2019-njy ýyllar aralygynda 100 müňden 249 müň dollara çenli serişde bagyşlady.
Burismanyň esaslandyryjysy Mykola Zloçewskiý hem, Kongrese, Döwlet, Gazna we Energiýa departamentlerine lobbistlik edip, 2014-2016-njy ýyllarda 90 müň dollar sowdy.
Zloçewskiý2010-2012-nji ýyllarda, Wiktor Ýanukowiçiň prezidentligi döwründe tebigy serişdeler ministri bolup işlände, “Burisma Group” özüniň 39 sany gaz ygtyýarnamasyny aldy.
Wolker Arizonadaky Makkeýn institutynyň hem ýerine ýetiriji direktory bolup işleýär. Ol özüniň Ukrainadaky ýörite wekil wezipesinde Döwlet departmanetiniň meýletin agzasydy.
Şeýle-de oltejribe lobbistligini edýän BGR toparynyň eýesi bolup, ol ýerde “uly halkara geňeşçisi” hökmünde hasaba alnan.