Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Naftogaz” “Gazpromyň” türkmen gazyny goýbermegini talap edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ukrainanyň “Naftogaz” kompaniýasynyň başlygy Ýuriý Witrenko öz feýsbuk sahypasynda beýanat çap edip, Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyny Türkmenistandan we beýleki garaşsyz rus gaz kompaniýalaryndan gelýän gazy rus-ukrain serhedinden goýbermäge çagyrdy.

“Naftogaz” “Gazpromyň” Ukraina-RF araçäginde Türkmenistandan we Orsýetiň garaşsyz gaz öndürijilerinden gelýän gazyň, şeýle-de “Gazpromyň” Ýewropadaky kontragentleri üçin gazyň petigini açmagy esasly talap edýär” diýip, Uraru neşiri Witrenkonyň sözlerini sitirleýär.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak bir hepde ozal Ukraina “Gazpromdan” başga gaz iberjek kompaniýa Orsýetde ýok diýdi.

Ukraina 90-njy ýyllardan başlap, 2006-njy ýyla çenli Russiýanyň üstünden ýylda 36 milliard kub metr türkmen gazyny satyn alýardy. Ýöne 2006-njy ýyldan soň Ukraina has gymmat bahadan diňe Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasyndan tebigy gaz satyn alyp başlady. 2014-nji ýylyň martynda Russiýanyň Krymy bikanun anneksiýa etmeginden 1 ýyl töweregi soň, 2015-nji ýylda Ukraina Russiýadan göni gaz import etmegi bes edip, öz üstünden Ýewropa Bileleşigine üstaşyr geçirýän rus gazynyň Slowakiýa, Polşa, Wengriýa ýaly döwletlerden yzyna, Ukraina akdyrylmagynda gaz satyn alyp başlady.

Ukraina Russiýa bilen aradaky häzir bar bolan 10 ýyllyk gaz ylalaşygy esasynda rus gazynyň öz üstünden Ýewropa Bileleşigine üstaşyr geçirilmeginden ýylda 3 milliard dollar töweregi girdeji gazanýar.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda rus gazyny ukrain çäginden Ýewropa Bileleşigine üstaşyr akdyrmak bilen bagly iki ýurduň arasynda gol çekilen 10 ýyllyk gaz ylalaşygy üstümizdäki ýanwar aýynda tamamlanýar.

Ukrainanyň “Naftogaz” kompaniýasynyň başlygynyň türkmen gazynyň rus-ukrain serhedinden iberilmegi bilen bagly eden çykyşy Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 2-nji oktýabrda rus-ukrain tranzit gaz ylalaşygyny wagtlaýyn uzatmagy Kiýewe teklip etmäge özüniň taýýardygyny aýdyp çykyş edýän wagtyna gabat gelýär.

Russiýa özüniň Ýewropa barýan energiýa eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin NordStream 2 (Demirgazyk akymy), TurkStream (Türk akymy) ýaly ugurlaryň üstünde işleýär.

Russiýa 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwary bilen 2019-njy ýylyň apreli aralygynda türkmen gazynyň importyny togtatdy. 2019-njy ýylyň 15-nji apreli bilen 30-njy iýuny aralygynda wagtlaýyn şertnama esasynda “Gazprom” “Türkmengaz” döwlet konserninden 1 milliard kub metr töweregi gaz import etdi. Bu ylalaşygyň tamamlanmagynyň yzýany Russiýa 2024-nji ýylyň iýulyna çenli ýylda 5.5 milliard kub metr türkmen gazyny import etmäge razy boldy.

Ukraina we Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasynyň 2006-njy ýylda togtadylmagy bilen geçen wagtyň dowamynda gaz söwdasyny täzeden ýola goýmak boýunça, metbugat maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, netijesiz tagalla etdi.

2013-nji ýylyň fewralynda Ukrainanyň döwlet eýeçiligindäki “Naftogaz” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi Özara düşünişmek boýunça Memoranduma gol çekdi.

Ukrainanyň şol wagtky Ýangyç-energetika ministri Eduward Stawytskiý Roýters habar agentligine beren interwýusynda, şol gepleşikleriň Ukraina bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz ylalaşygyny täzeden dikeltmegi maksat edinýändigini aýdypdy.

2015-njy ýylyň martynda Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Petro Poroşenko Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen Kiýewde geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen ýangyç energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

2017-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew, Roýtersiň habaryna görä Ukrainany göz öňünde tutup, GDA ýurtlarynyň üstünden türkmen gazyny Ýewropa Bileleşigine ibermegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG