Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam: ABŞ Siriýadan goşunyny çykarýar, Türkiýe sebite girmek planyny durmuşa geçirer


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Ak tam Türkiýäniň demirgazyk Siriýa girmek planyny durmuşa geçirmegi dowam etdirjekdigini aýdyp, sebitde Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan kürt söweşijileriniň ykbalyny nämälim ýagdaýda galdyrdy.

6-njy oktýabrda giçlik Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan ýaýradylan bu beýanat, şol güni türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň edarasynyň iki lideriň telefonda gepleşendigini aýdyp, olaryň öňümizdäki aý Waşingtonda duşuşmak barada ylalaşandygyny mälim eden mahalyna gabat geldi.

Birleşen Ştatlar Türkiýäniň demirgazyk Siriýada “köp wagtdan bäri planlaşdyran operasiýalaryna gatnaşmaz we goldaw bermez” hem-de ABŞ-nyň güýçleri “bu sebitiň golaýynda bolmaz” diýlip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.

“Mundan beýläk Türkiýe soňky iki ýylyň dowamynda ABŞ tarapyndan derbi-dagyn edilen ‘Halyfat’ territoriýalarynda ele salnan ‘Yslam döwleti’ toparynyň söweşijileri bilen bagly ähli jogapkärçiligi öz üstüne alýar” diýip, Ak tam aýdýar.

XS
SM
MD
LG