Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda okuwçy gyzlar bilen ýygnak geçirilip, olara ‘edep-terbiýe barada öwüt-ündew’ berildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki orta we hünär mekdeplerinde okuwçy gyzlar bilen ýygnaklar geçirilip, olara “edep-terbiýe barada öwüt-ündewler” berildi. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän Lebapdaky habarçysy şeýle duşuşyklaryň geçen hepdäniň dowamynda geçirilendigini aýtdy.

“Lebap welaýatynyň kazyýet, prokuratura, polisiýa, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri orta we hünär mekdepleriň okuwçy gyzlary bilen ýörite ýygnaklary guramalaşdyrdylar. Olar bu ýygnaklarda gyzlara ‘edep-terbiýe, päklik’ barada wagyz-nesihat berdiler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 9-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şeýle ýygnaklar Türkmenabadyň beýleki orta we hünär mekdepleri bilen bir hatarda, şäheriň 2-nji, 4-nji, 9-njy we 13-nji mekdeplerinde geçirildi.

Habarçy ýygnaga gatnaşan saglyk we bilim işgärleriniň hem-de okuwçy gyzlaryň ençemesine salgylanyp, şeýle duşuşyklaryň geçirilmeginiň sebäpleriniň durmuşa çykmadyk we ýetginjek okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly wakalaryň has köp göze ilmegi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

“Soňky aýlarda, hatda soňky ýyllarda okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy we çaga dogurmagy bilen bagly ýagdaýlara has köp duş gelse bolýar” diýip, habarçy saglyk we bilim işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada Lebap welaýatynyň prokuraturasyndan, bilim we saglygy saklaýyş bölümlerinden, şeýle-de 2-nji, 4-nji, 9-njy we 13-nji mekdeplerinden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy häzirki wagt okuwçy gyzlaryň köpüsiniň ene-atasynyň gazanç etmek üçin daşary ýurtlarda zähmet çekýändigini, şol sebäpli çagalara olaryň baba-mamasynyň ýa-da dogan-garyndaşlarynyň esewan edýändigini belläp, şeýle diýdi:

“Çagalar bilen olaryň hossarlary ene-atasy ýaly gyzyklanyp, terbiýeläp bilmeýär we olar ünsden düşürilýär. Şol sebäpli okuwçy gyzlaryň arasynda göwreli bolup, çaga dogurmagy ýaly wakalara duş gelse bolýar” diýip, habarçy türkmenabatly bir mugallymyň sözlerini sitirledi.

Belläp geçsek, soňky ýyllarda ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen bagly, türkmenistanlylaryň eklenç gözleginde daşary ýurtlara gidýändigi, ýurduň welaýatlarynda tas her maşgaladan azyndan bir adamyň Türkmenistanyň daşyndadygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary ençeme gezek habar beripdi.

Şu ýylyň aprel aýynda Lebap welaýatynda ene-atasy Türkiýede işleýän çagalaryň dogan-garyndaşlaryndan dil haty alnyp, çaganyň hossarlaryndan onuň özleriniň gözegçiligindedigini we haýsydyr bir hadysa bolan ýagdaýynda, jogapkärçiligi öz üstüne alýandyklaryny tassyklap, gol goýmak talap edildi.

Türkmen häkimiýetleri daşary döwletlere işlemäge gidýän türkmenistanlylaryň sany, işsizligiň derejesi ýa-da okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy baradaky maglumatlary ilat köpçüligine ýetirmeýärler.

Türkmenistanyň orta we hünär mekdeplerinde okuwçy gyzlar, şeýle-de ýokary okuw jaýlaryndaky student gyzlar bilen ýygnaklaryň geçirilip, olara “edep-terbiýe barada öwüt-ündewleriň” berilmegi bilen bagly Azatlyk Radiosy mundan öňki ýyllarda hem birnäçe gezek habar beripdi.

Ýokary okuw jaýlarynyň Aýallar guramasynyň başlygynyň, prokuratura, polisiýa, bilim we saglyk işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýygnaklarda gyzlardan beýlekiler bilen bir hatarda, okuwdan boş wagtynda kafe-restoranlarda, toý-tomgylarda görünmezlik talap edilýär. Şeýle-de, olara “türkmen däp-dessurlaryna gabat gelmeýän, türkmen gyzyna gelişmeýän hereketleri etmezlik” berk tabşyrylýar.

2017-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan student gyzlar bilen ýörite ýygnaklar geçirilip, olardan dynç alyş döwri öýlerine diňe uçar bilen gitmek we gelmek talap edildi.Şonda ýokary okuw jaýlarynyň resmileri student gyzlara bu talabyň olary “bidüzgünçilikden goramak” maksady bilen döwlet derejesinde kabul edilendigini aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG