Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda mekdep okuwçylary ten satýarlar, ir durmuşa çykýarlar


Daşoguz
Daşoguz

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylary mekdepde okaýan ýetginjek gyzlaryň ten satmak bilen meşgullanmagy we ir durmuşa çykarylmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini aýdýarlar.

"Mekdep okuwçylarynyň 7-11-nji klaslarda okaýan gyzlaryň arasynda jynsy zorluklar, olaryň öz ygtyýary bilen ten söwdasyna baş goşmagy, şeýle-de 8-9-njy klas okuwçy gyzlaryň gaçyp durmuşa çykmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelýar. Mekdep müdirleri bu barada bilseler-de, gizläp saklaýarlar" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýtdy.

Onuň döwlet edaralardaky çeşmelerine salgylanyp habar bermegine görä, şu ýyl Daşoguz welaýatynda ýetginjek gyzlaryň göwreli bolmagy we ten söwdasynda tutulmagy bilen bagly 60 çemesi waka hasaba alnypdyr.

"Çagalar arasyndaky jenaýatçylyk agyr hasaplanýar we şu sebäpden şeýle ýagdaýlary welaýat derejesinden ýokara çykarman, köplenç hiç-kime garşy çäre görmezden welaýatyň özinde ýapyp goýberýärler" diýip, çeşmämiz Daşoguzdaky ýagdaýy gürrüň berýär.

Türkmenistanly synçylar bu ýagdaýyň döremeginiň sosial-ykdysady kynçylyklardan daşary korrupsiýa bilen baglydygyny belleýärler.

"Häzir okuwçy gyzlaryň jynsy hyzmatyny hödürleýän we polisiýada arkasy bar bolan ýörite toparlar, araçy aýallaram köpeldi" diýip, Azatlyk Radiosy bilen anonim şertlerde söhbetdeş bolan daşoguzly aýtdy we özüniň şaýat bolan bir wakasynda etrap mekdepleriniň birinde 8-nji klas okuwçysynyň göwreli bolup, özünden has uly ýaşly adama durmuşa çykandygyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna gürrüňi edilýän bu wakalaryň bolan takyk wagty, ýeri, olara gatnaşygy bolan adamlaryň atlary mälim, emma ahlak we howpsuzlyk sebäplerden bu maglumatlary agzamakdan saklanýar.

Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gatnaşmagyndaky jenaýatçylyklar we bidüzgünçilikler, şol sanda okuwçy gyzlaryň kämillik ýaşyna ýetmän durmuşa çykmagy, ten söwdasyna baş goşmagy resmiler tarapyndan açyk agzalmaýar bu mesele döwlet mediasynda gozgalmaýar.

Emma munuň bilen bir wagtda ýurt häkimiýetleri mekdep okuwçylarynyň "ahlak terbiýesine" belli bir derejede üns berýändigini görkezýärler.

Şu ýylyň fewral aýynda Daşogzyň merkezi şäherinde we käbir etraplaryň mekdeplerinde okuwçylaryň el telefonlary zor bilen barlandy. Häkimiýetleriň bu çäre arkaly telefonlarda pornografiýa mazmunly wideo-suratlaryň gözlenýändigi aýtdylar. Mundanam başga, gyz okuwçylaryň ginekologiýa barlagyndan geçirilip başlanandygy barada habar berildi.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň bu hereketleri telewideniýede pornografik, şeýle-de “ýaramaz endikleri höweslendirýän” maglumatlary efire bermegi gadagan edýän kanunyň kabul edilmeginiň yzýanyna gabat gelipdi. Kanun ýanwarda güýje girdi.

Şeýle-de, türkmen häkimiýetleriniň gyzlaryň ahlagyna "gözegçilik" etmek boýunça soňky ýyllarda amala aşyran çäreleriniň ençemesi olaryň daş keşbine we hereket etmek düzgünlerine degişli boldy. Hususan-da, şu ýyldan başlap gyz okuwçylaryň mekdep geýimlerine milli nagyşly türkmen balagy goşuldy. Ondan öň ýaş gyzlaryň taksili gatnamakdan saklanmagyna duýduryş berlipdi.

XS
SM
MD
LG