Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyk baýramynda Lebapdan Aşgabada ugradylan býujetçileriň çykdajylary we beýleki harajatlar welaýatyň býujet işgärlerine töledildi


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda häkimiýetleriň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden “dürli sebäpler” esas görkezilip, dilden görkezme esasynda pul ýygnamak tejribeleri saklanyp galýar.

Garaşsyzlyk baýramyna degişli mejbury çärelere gatnaşmak üçin Lebapdan Aşgabada 1 aýlyk ugradylan ýüzlerçe býujet işgäriniň çykdajylary hem-de baýramçylyk mynasybetli welaýatda geçirilen at çapyşykda ýeňijilere berlen pul sylaglary welaýatyň býujet işgärlerinden mejbury ýygnalan pullaryň hasabyna tölendi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

27-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Garaşsyzlyk baýramynyň çäginde guralan çärelere gatnaşmak üçin bir aý öňünden Lebap welaýatyndan paýtagta “iş saparyna” ugradylan 500 töweregi býujet işgäriniň ähli çykdajylary welaýatyň ähli býujet işgärleriniň hasabyndan tölendi. Bu wakanyň jikme-jikligini ýurt içindäki habarçymyz 14-nji oktýabrda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, 500 töweregi býujet işgäri Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli paýtagtda geçirilýän çärelere mejbury gatnaşdyrylmak üçin awgustyň aýagynda Lebapdan Aşgabada ugradyldy. Olara 1 aýyň dowamynda Aşgabatda bolan döwründe edilen çykdajylaryň ählisi tutuş welaýatyň býujet işgärlerine töledildi.

“Olaryň ähli çykdajylary üçin welaýatyň býujet işgärleriniň tas ählisinden işgär başyna 20 manatdan pul alnypdyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli welaýatda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijilerine berlen pul sylaglary hem býujet işgärlerinden ýygnalan pullaryň hasabyna gowşuryldy.

Lebap welaýatynda bolup geçýän wakalar barada habarlary çap edýän döwlet gözegçiligindäki “Türkmen gündogary” gazetiniň 1-nji oktýabrda habar bermegine görä, Lebap welaýatynyň atçylyk sport toplumynda 28-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli at çapyşygy geçirildi. Habardan mälim bolşuna görä, çapyşygyň ýeňijisine 10 müň amerikan dollary möçberinde pul sylagy gowşuryldy. Çapyşykda Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň adyndan çykyş eden at ýeňiji bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy at çapyşygynyň ýeňijisine gowşurylan pul sylagynyň welaýatyň býujet işgärlerinden ýygnalandygyny aýdýar:

"Lebap welaýatynyň ähli býujet işgärlerinden at çapyşykda goýlan pul baýraklar üçin diýlip, her işgärden 50 manatdan pul ýygnapdyrlar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet mediasynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň Halkara atçylyk sport toplumynda-da sentýabryň aýagynda garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli at çapyşygy geçirildi. “Watan” habarlary gepleşiginiň 28-nji sentýabrda efire berlen sanyndan mälim bolşuna görä, Aşgabatda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijisine 30 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden dilden görkezme esasynda ýygnalan pullar boýunça Lebap welaýatynyň häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.


Ýurt içindäki beýleki bir habarçymyz 14-nji oktýabrda Türkmenabatdan ýetiren maglumatynda şäheriň bir mekdebinde mekdebiň ýyladyş sistemasyna seredýän bir hojalyk işgäriniň, mekdep müdiriniň dilden beren görkezmesiniň esasynda, oktýabr aýynda mekdebiň ähli işgärlerinden jemi 1000 manat pul ýygnap, mekdep direktoryna berendigini habar berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, mekdebiň ähli işgärlerinden ýygnalan bu pullar mekdepleri barlamak üçin welaýat merkezinden iberilýän barlagçylary myhman almak üçin sarp edilýär.

Türkmenistanda wagtal-wagtal yzygiderli häsiýetde döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden dilden görkezme esasynda mejbury pul ýygnalýar. Bu talaplara boýun bolmadyk işgärlere, ýerli habarçylaryň maglumatlaryna görä, işden kowulmak haýbaty atylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG