Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda mugallymlar, okuwçylar we studentler dynç günlerinde marşirowka çekildi


Türkmenistan Garaşsylyk gününi toýlaýar (arhiw suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýurduň Garaşsyzlyk baýramyna görýän resmi taýýarlyklarynyň çäginde Maryda mekdep mugallymlary öz okuwçylary bilen bilelikde dynç alyş günlerinde geçirlen maşklara çykmaga mejbur edildi.

"Şu gün Mary şäheriniň Atabaýew köçesiniň ugrundaky täze stadionda çäre geçirildi, ýagny şu gün bazar güni ähli okuwçylaryň we işgärleriň boş we dynç almaly güni, emma olar mejbury ýagdaýda çykmaly boldy. Sport mekdebiniň tälimçilerine her kim öz okuwçylaryny çärä çykarmaly diýip aýtdylar we hünär beriji okuw jaýlarynda okaýan ähli okuwçylar çärä çykmaly edildi" diýip, habarçymyz 8-nji sentýabrda habar berdi.

27-nji sentýabrda bellenýän Garaşsyzlyk gününe resmi taýýarlyklar awgustyň ilkinji günlerinde başlanypdy. Şondan bäri ýurduň ähli ýerlerinde ilatyň gatnaşdyrylmagynda köpçülikleýin çäreler, maşklar geçirilýär. Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdyrylýar.

Marydaky maşklar barada habar berýän ýerli habarçylarymyzyň sözlerine görä, dynç günlerinde geçirilen çärelere esasan ýaşlar, ýagny liseýleriň, orta hünärmentlik okuw jaýlarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary, şeýle-de döredijilik toparlaryň agzalary köpçülikleýin gatnaşdyrylypdyr.

"Çärelere 1-nji, 5-nji we 16-njy liseýleriň okuwçylaryna we Energetika institutynyň okuwçylaryna, uçilişeleriň ähli okuwçylaryna, Baýramaly şäherindäki tehnikumyň okuwçylaryna, tans toparlaryna, welaýatyň içindäki ähli folklor toparlaryna we býujet işgärlerinden ýaş we owadan gelin-gyzlara hökman çykmaly diýdiler" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy aýdýar we çäreden boýun gaçyranlara okuwdan, ýa-da işden kowulmak haýbatynyň atylandygyny habar berýär.

Ýene bir habarçymyzyň sözlerine görä, Marydaky maşklaryň biri 8-nji sentýabrda daň bilen sagat 5:00-de täze stadionda geçirilip, 11:20 töwereginde gutarypdyr. Howpsuzlyk işgärleriniň berk gözegçiliginde geçirilen çärä mejbury gatnaşdyrylanlaryň mobil telefonlary ellerinden alnypdyr.

"Bu täze stadionyň uly gapysynda howpsuzlyk işgärleri we polisiýa işgärleri durup, her gelen okuwça üýşüp öz mugallymlary bilen girmeklerini we işgärlere öz bölüm başlyklary bilen girmeklerini talap etdiler. Daşyndan hiç bir adamy salmadylar, gatnaşyjylaryň el telefonlaryny öçürip, mugallymlaryna hem edaralaryň bölüm işgärlerine, bölüm başlyklaryna bermeklerini uly talap etdiler" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.

8-nji sentýabrda Maryda geçirilen baýramçylyk taýýarlyklarynyň döwlet telewideniýesi tarapyndan surata düşürilendigini habarçymyz belleýär.

2-nji sentýabrda Mary welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylary Garaşsyzlyk baýramynyň şanyna at çapyşyga mejbury "tomaşaçy" boldular. Azatlyk Radiosynyň habarçysy sahnalaşdyrylan at çapyşygynyň telewideniýäniň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli surata düşürmegi üçin gurnalandygyny habar beripdi.

Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň ýyl dönümine görülýän esasy taýýarlyklar şu günler Aşgabatda geçirilýär. Bu ýerde onlarça müň adamyň mejbury çekilmeginde günde geçirilýän repetisiýa-maşklaryna gatnaşdyrmak üçin welaýatlaryň edara-kärhanalarynyň işgärleri we harbylar paýtagta ýollanýar.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ilatyndan garaşsyzlyk baýramy bilen bagly çäreler üçin pul toplanýar. Hususan-da, ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynda býujet işgärlerinden 200 manat möçberinde pul talap edildi we olaryň bu puly öz aýlygyndan "meýletin kömek" görnüşinde geçirmelidigi aýdyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG