Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda Garaşsyzlyk gününe taýýarlyklar dowam edýär. Aşgabadyň mekdeplerinde sapaklaryň dörtden bir bölegi okadylýar


Türkmenistan Garaşsylyk gününi toýlaýar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Mary welaýatynda býujet işgärleri, ýokary okuw jaýynyň studentleri, mekdep okuwçylary, çagalar baglarynyň çagalary we ýaşulular ýurduň döwlet telekanallaryna surata almak üçin geçirilen Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga mejbur edilýär. Aşgabadyň mekdep mugallymlary we okuwçylary okuw sagatlarynda köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylýar.

“Şu günler Mary welaýatynda Garaşsyzlyk mynasybetli günde çäreler geçirilýär. Türkmen telewideniýesi bu çäreleri Garaşsyzlyk gününde görkezmek üçin surata düşürýär. Marynyň Türkmengala etrabynyň Zähmet daýhan birleşiginde ‘Kerwen ýoly’ atly çäre geçirildi. Ol ýerde üç günläp çäre dowam etdi. Bu çärä býujet işgärleri, çagalar baglarynyň, mekdepleriň çagalary, medeniýet işgärleri we mugallymlar gatnaşdyryldy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlikli şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy 13-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu çäre üç gün – sişenbe, çarşenbe, penşenbe günleri – dowam etdi. Bu çärede dürli döredijilik toparlary türkmen milli egin-eşiklerinde çykyş etdiler.

Mundanam başga, habarçy döwlet telekanallaryna surata almak üçin geçirilen Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çäreleriň ýene biriniň geçen ýekşenbe güni Mary-Baýramaly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän at aýlawynda geçirilendigini aýtdy.

“Bu çärä-de býujet işgärleri we çagalar gatnaşdyryldy. Bu ýerde gije sagat 10:00-a çenli adamlary saklap, türkmen telewideniýesine surata düşürdiler” diýip, habarçy belledi.

Şuňa meňzeş çäreleriň ýene biri Mary şäheriniň golaýynda ýerleşýän, Garagum kanalyny kesip geçýän “parom” köprüsiniň üstünde geçirildi. Bu ýerde köpriniň üstünde we Garagum kanalynyň kenarynda ýöriş gurnaldy.

“Bu çäre hepdäniň sişenbe güni geçirildi. Çäräniň geçirilmegi bilen bagly ýollaryň hem ençemesi ýapyldy, hiç bir awtoulagy geçirmediler” diýip, habarçy býujet işgärleriniň bu çärelerden başga-da, hepdede bir gün pagta ýygymyna gatnaşmaga hem mejbur edilýändigini aýtdy.

Garaşsyzlyk baýramyna görülýän köpçülikleýin taýýarlyk çäreleri Aşgabatda hem dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri bu çäreler sebäpli mekdeplerde okuw sapaklarynyň diňe dörtden bir böleginiň geçirilýändigini aýtdy.

“Okuw ýylynyň başlanyna eýýäm iki hepde boldy. Ýöne Aşgabadyň mekdeplerinde okuw ýylynyň başyndan bäri sapaklar doly geçirilmeýär. Mekdep mugallymlary we okuwçylar adatça 1-2 sapakdan soňra köpçülikleýin dürli, şol sanda sport, teatr çärelerine ugradylýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren aşgabatly habarçy 13-nji sentýabrda gürrüň berdi.

27-nji sentýabrda bellenýän ýurduň Garaşsyzlyk gününe resmi taýýarlyklar awgustyň ilkinji günlerinde başlanypdy. Şondan bäri ýurduň ähli welaýatlarynda we paýtagt Aşgabatda býujet işgärleriniň, çagalar baglarynyň çagalarynyň, mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň we ýaşulularyň gatnaşdyrylmagynda köpçülikleýin taýýarlyk çäreleri geçirilýär.

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýurduň Garaşsyzlyk baýramyna görýän resmi taýýarlyklarynyň çäginde Maryda mekdep mugallymlarynyň öz okuwçylary bilen bilelikde dynç alyş günlerinde geçirlen maşklara çykmaga mejbur edilendigi mälim boldy.

Awgustyň aýagynda bolsa, Lebap welaýatyndaky býujet işgärlerinden Garaşsyzlyk gününe görülýän taýýarlyklar mynasybetli pul ýygnalýandygy habar berildi. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň sözlerine görä, býujet işgärlerine 200 manat möçberindäki puly öz aýlygyndan "meýletin kömek" görnüşinde geçirmelidigi aýdyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görülmegini esasy meseleleriň hatarynda görkezip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG