Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Owganystanda partlan bomba iki ofiseri öldürip, 20 çagany ýaralady


Owgan polisiýasy awtoulaglary barlaýar. Arhiw suraty
Owgan polisiýasy awtoulaglary barlaýar. Arhiw suraty

16-njy oktýabrda gündogar Owganystandaky polisiýa stansiýasynyň golaýynda partladylan ulag bombasy azyndan iki polisiýa ofiserini öldürdi, 26 adamy, şol sanda 20 çagany ýaralady diýip, resmiler aýtdylar.

Lagman welaýatynyň Alişang etrap polisiýa edarasynyň golaýynda bolan partlama golaýdaky medressä düýpli zyýan ýetirdi diýip, Lagman welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Asadullah Daulatzaý aýtdy.

"Okuwçylar aýna gyçaklaryndan ýaralandy” diýip, Daulatzaý aýtdy we ýaraly bolanlaryň 20 çemesiniň okuwçylar bolandygyny belledi.

Polisiýa ofiserleriniň hem altysy ýaralandy. Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi ölenleriň sanyny tassyklady we bu hüjümde “Talyban” jeňçilerini günäkärledi.

XS
SM
MD
LG