Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jonsonyň Breksit gijikmesi talabyndan soň, ÝB indiki çäräni oýlanýar


Donald Tusk
Donald Tusk

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk britan hökümetinden Breksitiň gijikdirilmegi barada gelen resmi talapnamadan soň, bu mesele boýunça ÝB liderleri bilen geňeşýändigini aýtdy.

Birleşen Şalygyň premýer-ministri Boris Jonson, 19-njy oktýabrda aýrylyşmak ylalaşygyny Britaniýanyň ÝB-den çykmagy üçin ähli kanun taslamalary taýýar edilýänçä soňa goýmak baradaky parlament ses berişliginden soň, Breksiti bir aýlyk kanun esasynda üç aý yza süýşürmegi soramaga mejbur boldy.

Birleşen Şalygy 31-nji oktýabra çenli 28 agzaly bileleşikden çykarmagy wada bermek bilen, Jonson häkimiýet başyna iýunda geldi.

Aýdylmagyna görä, ol Breksitiň gijikdirilmegi baradaky haýyşnamany gol çekmän iberdi we soňundan gol çekilen hat iberip, bu gijikme ýalyňlyk bolar diýip pikir edendigini aýtdy.

Kanun çykaryjylar altynjy gün, “gaty” diýilýän ylalaşyksyz Breksit çykyşyna ýol bermezlik üçin, hepde soňunda seýrek bolýan ses berişlik gurnap, durmuşa geçirmek boýunça kanun çykarylmazdan hiç bir ylalaşygyň baglaşylmazlygyny goldamazlyk barada 322-306 hasabynda ses berdiler.

Bu ses berişlik Londonyň Parlament meýdançasynda ýöriş geçirýän we 2016-njy ýyldaky referendumyň gaýtadan geçirilmegini talap edýän anti-Breksit demonstrasiýaçylary tarapyndan şatlykly garşy alyndy.

Dpa-nyň maglumatyna görä, ÝB ilçileri mümkin bolan çäräni maslahatlaşmak üçin 20-nji oktýabrda, irden bir ýere toplandylar.

XS
SM
MD
LG