Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ýaponiýa sapar edýär


Türkmen we ýapon döwlet baýdaklary
Türkmen we ýapon döwlet baýdaklary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

21-23 – nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa üç günlük iş saparyny amala aşyrýar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Döwlet metbugatyndan mälim bolşuna görä, 21-nji oktýabrda türkmen prezidentini Tokio şäheriniň Haneda Halkara aeroportynda Ýaponiýanyň resmi adamlary garşy aldy.

Saparyň dowamynda “ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär, şolaryň barşynda giň ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar” diýip, TDH maglumat berýär.

22-nji oktýabrda Tokioda Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen at gowşuryldy.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Tokionyň “ Chinzanso Tokyo” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýaponiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly studentler bilen duşuşdy.

Döwlet metbugatyndan mälim bolşuna görä, türkmen prezidenti ýaponiýaly resmileriň, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň, türkmen studentleriniň hem-de duşuşyga gatnaşyjy beýleki myhmanlaryň öňünde eden çykyşynda Türkmenistanda ylma we bilime uly ähmiýet berilýändigini öňe sürdi.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak mümkinçilikleri bilen bagly çäklendirmeler dowam edýär, olara Türkmenistandaky hossarlarynyň maliýe serişdelerini ugratmak mümkinçilikleri, daşary ýurt diplomlarynyň Türkmenistanda ykrar edilmegi bilen bagly bar bolan problemalar saklanyp galýar.

TDH-nyň habaryna görä, ýapon kompaniýalary Türkmenistanyň himiýa we ýangyç-energetika pudagynda senagat toplumlarynyň gurluşygyna gatnaşdy. Olaryň hatarynda Mary welaýatynda ammiak we karbamid öndürýän toplum, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid dökünlerini öndürýän zawod, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodlar bar.

Resmi habarlardan mälim bolşuna görä, Aşgabadyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda ýaponiýaly mugallymlar türkmenistanly studentlere bilim berýär.

Mundan ozal Berdimuhamedow 2009-njy, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa resmi we iş saparlaryny amala aşyrdy.

2015-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abe Merkezi Aziýa ýurtlaryna eden saparynyň çäginde Aşgabada barypdy. Soňky ýyllarda Ýaponiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebit derejesinde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäginde gatnaşyklary ösdürýär.

Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprelinde ýola goýuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG