Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde öri meýdanlaryny ulanmak üstünde bolan atyşykda bäş adam öldi


Don boýundaky Rostow, Azow deňziniň boýundaky çagalar sagaldyş lagerinde dynç allýan çagalar.
Don boýundaky Rostow, Azow deňziniň boýundaky çagalar sagaldyş lagerinde dynç allýan çagalar.

Orsýetiň Rostow sebitinde öri meýdanlaryny ulanmak üstünde turan söweşde bäş adam öldi diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy.

Ministrligiň regional bölümi 22-nji oktýabrda Don boýundaky Rostowada, sebitiň Orlowskiý etrabynda bolan atyşyk netijesinde ýene iki adamyň hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy.

"Çaknyşyk wagtynda taraplaryň käbiri ok atýan ýaraglary, hususan-da aw ýaraglaryny ulandy. Netijede, ok ýaralaryndan bäş adam öldi, iki adam bolsa hassahana ýerleşdirildi” diýip, ministrligiň metbugat gullugy aýtdy.

Başlangyç maglumatlardan görnüşine görä, bu çaknyşyga birnäçe ýaşaýjynyň arasynda Çernozubkowka obasyndaky mal fermasy üstünde turan emläk dawasy sebäp bolup, birnäçe erkek bir-birini oka tutupdyr.

XS
SM
MD
LG