Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda kofe ‘ösdüriler’, fransuz kompaniýasy Aşgabadyň gowaça ekiş usulyny Fransiýada ‘ornaşdyrmagy meýilleşdirýär’


Illýustrasiýa suraty. Kofe agajyna dyrmaşan siwetta.
Illýustrasiýa suraty. Kofe agajyna dyrmaşan siwetta.

Türkmenistanda kofe ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň oba hojalygy barada maglumatlary çap edýän döwlet eýeçiligindäki “Bereketli Toprak” gazeti 21-nji oktýabrda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, golaýda Fransiýanyň “Agrenium” kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Etien Sours Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetine baryp, mugallymlar bilen Türkmenistanda kofe ösdürip ýetişdirmegi maslahat etdi.

Şeýle-de, habarda aýdylmagyna görä, oba hojalyk pudagynda iş alyp barýan fransuz kompaniýasynyň wekili türkmenistanly mugallymlardan türkmen topragynda pagta ekilişiniň usullary barada pikir sorapdyr. “Bereketli Toprak” fransiýaly myhmanyň pagtanyň türkmen topragynda ekiliş usullaryny Fransiýada ornaşdyrmagy maksat edinýändigini aýdýar.

Oba hojalyk pudagynda ussatlaşan “Agrenium” kompaniýasynyň düzümine Fransiýanyň 15 sany ýokary okuw mekdebi, 4 sany ylmy-önümçilik instituty we 100-e golaý ylmy-barlaghana girýär.

Eýsem, türkmen topragynda kofe ösdürip ýetişdirmek teklibini türkmenistanly oba hojalyk mugallymlary orta atdymy ýa-da “Agreniumyň” wekili muny teklip etdimi? Bu soragyň jogaby boýunça döwlet neşirinde maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň haýsy künjeginiň howa şertleriniň kofe ösdürip ýetişdirmäge laýyk gelip-gelmeýändigi takyklaşdyrylmaýar.

Galyberse-de, halkara hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanda häkimiýetleriň ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt edýärler. Bu tankytlaryň fonunda, döwlet metbugatyndan mälim bolşuna görä, fransuz kompaniýasy Türkmenistanyň gowaça ekiş usulyny Fransiýada ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Döwlet metbugatynyň Türkmenistanda kofe ösdürip ýetişdirmegiň meýilleşdirilýändigi barada berýän bu habary, türkmen prezidentiniň golaýda içerki bazarlary ýerli oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, olaryň içerki sarp edijilerden artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmek barada beren tabşyrygynyň yzýanyna gabat geldi.

Kofe Türkmenistanyň tebigy şertlerine ozal del hasaplanyp, soňra ekişine badalga berilýän ilkinji ekin däl. Mundan ozal, türkmen metbugatynda soňky ýyllarda Türkmenistanda ösdürilip, idegine badalga berlen banan barada-da habar berlipdi.

Geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi çap eden resmi maglumatynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerli bir hojalyk jemgyýetiň 8,6 metr beýiklikdäki umumy meýdany 1 gektarlyk ýyladyşhanalarda banan ösdürip ýetişdirýändigini habar beripdi. Maglumatda bu ýyladyşhanalardan geçen ýyl 40-50 tonna banan hasylyny ýygnamagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Şu ýylyň aprelinde bolsa Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn Asyr” saýty Sakarçägedäki agzalýan banan ýyladyşhanalaryndan her hepdede 1.5 tonna banan hasylynyň ýygnalýandygyny habar beripdi.

Türkmenistanda geçirilýän hökümet masalahatlarynda ýurtda içerki önümçiligi artdyrmak, importy azaltmak, ilaty zerur azyk harytlary, şol sanda ýerli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli çykyşlar edilýär. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylylary ýurduň dürli künjeklerindäki döwlet dükanlarynda un, ösümlik ýagy, ýumurtga ýaly önümleriň gytçylygynyň, hususy söwdada olaryň gymmatçylygynyň dowam edýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG