Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ‘Ahal’ ýagynyň satuwy gaýtadan çäklendirildi


Türkmenistanda öndürilýän "Ahal" ýagy.
Türkmenistanda öndürilýän "Ahal" ýagy.

Aşgabatdan Mary welaýatyna barandygy aýdylýan barlagçylaryň paýtagta dolanandygy baradaky gürrüňleriň fonunda, Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda “Ahal” ýagynyň satuwy gaýtadan çäklendirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy habar berýär.

Ýatlatsak, 23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary ýurduň täze içeri işler ministriniň welaýata barandygy we onuň edara-kärhanalarda barlaglary geçirýändigi baradaky gürrüňlerden soň, Maryda un, ýumurtga we “Ahal” ýagy ýaly gyt azyk harytlarynyň nobatsyz satylyp başlanandygyny habar berdiler.

“Şu gün Mary şäheriniň Şapak köçesinde ýerleşýän 38-nji döwlet dükanynyň öňünde adamlar daňdan sagat 03:00-dan nobata durdylar. Şu günden başlap bu ýerde şol dükana degişli hojalyklaryň her birine 1 litr ‘Ahal’ ýagyndan köp satmaýarlar. Dükan satyjylary ýaşaýjylardan pasportyny ýa-da şol ýeriň Öý dolandyryş müdirliginden alnan ýaşaýan ýeriň hakyndaky resminamany görkezmegi soraýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Habarçy döwlet dükanyna degişli etrapçalaryň ýaşaýjylaryna 1 litr “Ahal” ýagynyň 9 manatdan satylýandygyny we onuň ýany bilen 2 guty şerbet suwunyň berilýändigini hem aýtdy.

“Eger nobatda duran adam şol ýeriniň ýaşaýjysy bolmasa, onda oňa 1 litr ‘Ahal’ ýagyny 14 manatdan satýarlar. Mary şäherindäki beýleki döwlet dükanlarynda, ýagny Titow köçesiniň ugrundaky 3-nji liseýiň öňündäki dükanda şol töwerekde ýaşaýan raýatlara 1 litr ‘Ahal’ ýagy 11 manatdan satylýar, onuň ýany bilen hiç zat goşup bermeýärler. Bu dükanda-da özüne degişli bolmadyk şäher ýaşaýjylaryna 1 litr ‘Ahal’ ýagy 14 manatdan satylýar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, dükan satyjylary Mary şäherinde ýaşamaýan marylylara “Ahal” ýagyny öz etraplaryndaky döwlet dükanlaryndan satyn almagy maslahat berip, “olary eli boş yzlaryna gaýtarýarlar”.

Türkmen resmileri ýa-da dükan satyjylary tarapyndan bu çäklendirmäniň sebäpleri barada düşündiriş berilmeýär. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan dükan satyjylarynyň biri munuň sebäplerini “Aşgabatdan Mara gelen ýokary derejeli barlagçylaryň yzyna gidendigi bilen baglanyşyklydygyny” aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden resmi kommentariý alyp bilmedi.

23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary welaýatyň döwlet dükanlaryndaun, ýumurtga we “Ahal” ýagy ýaly gyt azyk harytlarynyň çäksiz möçberde hem-de nobatsyz satylyp başlanandygyny habar berdi.

22-nji oktýabrda Marydaky beýleki bir habarçymyz geçen hepdäniň aýagyndan bäri Mary şäherinde köpçülikleýin ýowar geçirilip, edara-kärhanalaryň otaglarynyň we bag-bakjalarynyň arassalanýandygyny we abatlanýandygyny hem-de köçeleriň süpürilip, guran otlaryň çapylýandygyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary býujet işgärleriniň ençemesine salgylanyp, bu arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň, şeýle-de gyt haryda öwrülen unuň, ýumurtganyň we “Ahal” ýagynyň satylyp başlanmagynyň, ýurduň täze içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň welaýata barandygy we onuň edara-kärhanalarda barlaglary geçirýändigi baradaky gürrüňler bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Döwlet mediasynda-da bu gürrüňleri tassyklaýan ýa-da inkär edýän maglumatlar häzirlikçe ýok.

Bu aralykda, 24-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri paýtagtyň döwlet dükanlarynda-da towuk buduny we “Ahal” ýagynyň tapdyrmaýandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG