Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda un satyn aljak ýaşaýjylardan öňümizdäki aý üçin nobata ýazylmak talap edilýär


Türkmenistanyň döwlet dükanlarynyň biriniň öňünde un satyn almak üçin garaşýan adamlar. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynyň biriniň öňünde un satyn almak üçin garaşýan adamlar. Arhiwden alnan surat

Mary welaýatynyň döwlet eýeçiligindäki dükanlaryndan un satyn almaga barýan ýaşaýjylardan öňümizdäki aý üçin nobata ýazylmak talap edilýär. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçysy ýaşaýjylaryň aýda bir gezek “paýok” görnüşinde berilýän unuň sentýabr aýdaky möçberini hem heniz satyn alyp bilmeýändigini aýdýar.

“Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda un gytçylygy dowam edýär. Eger hökümet dükanlaryna un gelse-de, onuň üsti ölüşik bolýar. Hemme adama ýetmeýär. Dükan işgärleri adamlara ‘eger siziň spisokda adyňyz bolmasa, indiki aý üçin täze spisoga adyňyzy belläp gidiň we her güň habar tutup görüň’ diýip aýdýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Habarçy bu ýagdaýy welaýatyň Mary etrabynyň “Zarpçy” we “Täze oba” daýhan birleşiklerinde, Murgap etrabynyň “Gyzyl baýdak” we “50-ýylyk” daýhan birleşiklerinde, Baýramaly etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginde synlasa bolýandygyny belleýär.

Aýdylmagyna görä, döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan ýerli un hususy eýeçilikdäki söwda nokatlarynda we bazarlarda bäş-alty esse gymmat bahadan aç-açan satylýar.

“Adamlaryň köpüsi hojalykdaky adam başlary esasynda döwlet dükanlarynda aýda bir gezek paýok görnüşinde berilýän uny hem satyn alyp bilmeýärler. Ýöne ony hususy dükanlardan haçan barsaň-da, aç-açan satyn alyp bolýar. Bu ýagdaý gaty geň. Şol bir uny hususy dükanda birnäçe esse gymmada satyn alyp bolýar, ýöne döwlet dükanlarynda tapdyrmaýar. Munuň sebäplerini hiç kim düşündirmeýär” diýip, habarçy belledi.

Marynyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda 1 kilogram ýerli un 1 manat bolsa, bazarlarda we hususy dükanlarda 5-6 manatdan satylýar. Onuň 50 kilogramlyk bir haltasynyň bahasy bolsa, 260-270 manada barabar.

Türkmenistanda, hususan-da, Mary we Lebap welaýatlarynyň döwlet dükanlarynda ilatyň sarp edýän esasy azyk önümleriniň, aýratyn-da unuň we çöregiň gytçylygy soňky üç aýa golaý wagtyň dowamynda güýçlendi.

22-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy welaýatyň Darganata, Çärjew, Hojambaz we Köýtendag etraplarynda döwlet tarapyndan adam başyna her aýda berilýän 3 kilogram unuň we her ele 1 sany berilýän buhanka çöregiň indi iki aý bäri berilmeýändigini habar berdi.

19-njy sentýabrda Mary welaýatynyň döwlete degişli azyk haryt dükanlarynda buhanka çöregi her ele 2-den çäkli möçberde satyldy.

16-njy sentýabrda bolsa, Aşgabadyň käbir döwlet dükanlarynda her adam başyna 11 sany towuk ýumurtgasy we Maryda her ele 2 kilogram towuk budy çäkli möçberde satyldy.

Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda un, çörek, towuk ýumurtgasy, towuk budy, şeker, ösümlik ýagy ýaly azyk harytlary, hususy eýeçilikdäki söwda nokatlary we bazarlar bilen deňeşdireniňde, ortaça iki-alty esse arzan bahadan satylýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we ýerli synçylaryň ençemesi adamlaryň alýan aýlyk-günlüginiň bazardaky azyk harytlaryndan satyn almaga köplenç ýetmeýändigini aýdyp, olaryň döwlet dükanlaryndaky önümleri satyn almaga ýykgyn edýändigini aýdýar.

“Mundanam başga, işsizlik we korrupsiýa zerarly maşgalalaryň köpüsinde diňe bir adam işleýär. Käbir maşgalalarda kadaly işleýän ýekeje adam hem ýok. Adamlaryň güni kyn” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenistanly synçy aýtdy.

9-njy iýulda ýerli metbugat Türkmenistanda 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilendigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri döwlet dükanlaryndaky azyk gytçylygy we olaryň öňündäki uly nobatlar barada hiç zat aýtman gelýärler.

Şol bir wagtda, döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde “ýurtda azyk bolçulygynyň üpjün edilendigi we Türkmenistanyň daşary döwletlere bugdaý eksport edýän ýurda öwrülendigi” baradaky reportažlar we çykyşlar çap edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG