Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow TOPH-a gözegçilik edýän orunabasaryna berk käýinç berdi


Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy oktýabrda wideo-şekilli maslahat geçirip, energiýa toplumyna jogap berýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa berk käýinç yglan etdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Meredow “Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” iş ýüzünde durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, hasabatyň çäklerinde Türkmenistan– Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisini çekmekdäki işleriň ýagdaýy barada hem habar berildi.

Prezident hasabaty diňläp, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşyny we umuman, bu taslamanyň amala aşyrylyşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” M.Meredowa berk käýinç yglan etdi.

Şeýle-de Meredowa ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi üçin soňky gezek duýduryş berildi.

Bu käýinjiň we duýduryşyň TOPH taslamasy bilen bagly problemalar sebäpli berlendigi anyk aýdylmady.

XS
SM
MD
LG