Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-malaýziýa gepleşikleri geçirildi


Malaýziýanyň premýer-ministri Mahathir Mohamad
Malaýziýanyň premýer-ministri Mahathir Mohamad

Malaýziýanyň premýer-ministri Mahathir Mohamad 26-njy oktýabrda resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.

27-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-malaýziýa gepleşikleri geçirildi. Taraplar ilki dar çäkde energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň maslahatyny etdiler diýip, TDH habar berýär.

Gepleşikler mahalynda Malaýziýanyň “Petronas” nebit-gaz kompaniýasynyň Türkmenistanyň hazar ýalpaklyklarynda alyp barýan işleriniň üstünliklidigi bellenildi.

Giňiş çäkdäki gepleşikler mahalynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirip, Malaýziýany esasy hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýandygyny aýtdy.

Döwlet baştutany Malaýziýa Türkmenistanda öndürilen egirme-dokma önümlerini ibermegi we sanly tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Şeýle-de Berdimuhamedow ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak mümkinçiligi barada durup geçdi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça degişli ylalaşyklara gol çekildi we türkmen we malaýziýa hökümetleriniň baştutanlary metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdi.

“Biz özara söwdany ösdürmek, nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak, senagat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, dokma pudagynda we beýleki gelejegi bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy ýygjamlatmaka barada gepleşdik” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

XS
SM
MD
LG