Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan un hususyýetçilerde ençeme esse gymmatdan satylyp başlandy


Türkmenistanda öndürilen un.

Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda dowam edýän azyk ýetmezçiliginiň fonunda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan ýerli un hususy hojalyklarda aç-açan we ençeme esse gymmatdan satylyp başlandy. Şeýle-de, bu welaýatyň Darganata etrabyndaky döwlete degişli dükanda çäkli möçberde pagta ýagy satuwa çykaryldy.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň biri Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň aglabasynyň döwlet dükanlaryndan iýun aýy üçin satylmaly uny heniz hem alyp bilmeýän wagtynda, şäheriň çetindäki käbir hususy hojalyklarda unuň “gara bazarynyň” emele gelendigini aýdýar.

“Hususy hojalyklardaky käbir hususy dükanlarda ýerli unuň 45 kilogramy 300 manatdan satylyp başlandy. Ýerli un döwlet dükanlarynda tapdyrmaýar, ýöne ony hususy hojalyklardan islän möçberiňde satyn alyp bolýar. Adamlar bu gymmat un söwdasynyň döwlet tarapyndan amala aşyrylýandygyna ynanýar we ony dollaryň häzirki näresmi söwdasyna meňzedýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 5-nji noýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda ýerli unuň satylýan ýerleri barada takyk maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, türkmen häkimiýetleriniň unuň resmi bahasyny gymmatlatmak isleýändigini, emma halkyň aýlyklary ujypsyz bolansoň, ony ýokarlandyryp bilmeýändigini hem aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ýerli un satuwa çykarylan wagty, onuň 1 kilogramy adatça 1 manatdan satylýar. Hususy eýeçilikdäki söwda nokatlarynda we bazarlarda daşary ýurtlardan getirilen 1 kilogram un 10-12 manatdan bahalanýar.

Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan ýerli un hususy hojalyklarda aç-açan satylyp başlanan wagty, Lebabyň Darganata etrabyndaky döwlet dükanlarynyň birinde arassalanmadyk pagta ýagy çäkli möçberde satyldy.

“Bäşinji güni döwlet dükanynyň öňünde pagta ýagyny satyn almak üçin nobata duranlaryň sany 300 adamdan köp boldy. Nobatda uruş, ýakalaşyklar hem boldy. Polisiýa işgärleri we harbylar nobatdaky dawany zordan dargatdy. Şonda her ele 1,5 litr pagta ýagy berildi. Ol 7 manatdan satyldy. Pagta ýagy hususy eýeçilikdäki dükanlarda aç-açan satylýar. Ýöne bu ýerde onuň 1 litriniň bahasy 14 manada barabar” diýip, Lebapdaky habarçylarymyzyň ýene biri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 5-nji noýabrda gürrüň berdi.

Habarçy döwlet dükanynyň resmileriniň arassalanmadyk pagta ýagynyň indi hepdede bir gezek satyljakdygy barada wada berendigini, ýöne ilatyň muňa ynanmaýandygyny hem belledi.

Bu aralykda, Türkmenistanda býujet işgärleriniň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmezligi bilen bagly ýagdaýyň dowam edýändigi, hususy eýeçilikdäki dükanlaryň söwdegärleriniň öňki alan azyk harytlarynyň puluny tölemedik müşderilere “karzyna” haryt satmakdan ýüz öwürýändigi barada hem habarlar peýda boldy.

“Munuň bilen baglanyşykly, döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlar ulaldy. Ýöne bu dükanlarda-da un, çörek, şeker we ýumurtga ýaly azyk önümleri hemişe tapdyrmaýar. Bu harytlar käte, çäkli möçberde satylýar” diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 4-nji noýabrda habar berdi.

Marynyň obasyna 6 aýda birinji gezek ýag geldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Neşiriň maglumatyna görä, şu günler döwlet dükanlarynyň ýolbaşçylary nobatlary azaltmak üçin çagalara azyk satmagy bes etdiler. Mundanam başga, alyjylardan her hepde Öý dolandyryş müdirliginden özleriniň maşgala agzalarynyň sanawy baradaky “Forma-3” atlandyrylýan resminamany getirmek talap edilýär.

“Öý dolandyryş müdirliginde ähli resminamalar tölegli, ýagny olaryň her biriniň bahasy 2 manatdan 20 manada çenli ýetýär. Adamlarda pul ýok. Bu ýerde bolsa, her hepde resminama satyn almalymy?” diýip, neşir Türkmenabadyň Himik etrapçasynyň bir ýaşaýjysynyň sözlerini sitirledi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda un, çörek, şeker, ýumurtga we ösümlik ýagy ýaly ilatyň günübirin sarp edýän azyk harytlarynyň gytçylygy indi iki ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän bolsa-da, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.

18-nji oktýabrda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda azyk harytlaryň ýurt raýatlaryndan artýan bölegini daşary ýurtlara satmak boýunça degişli resmilere tabşyryk berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG