Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň fonunda prezident artykmaç azyk harytlary daşary ýurtlara satmagy tabşyrdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän azyk haryt ýetmezçiliginiň fonunda, 18-nji oktýabrda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda azyk harytlaryň ýurt raýatlaryndan artýan bölegini daşary ýurtlara satmak boýunça degişli resmilere tabşyryk berdi.

Mejlisiň dowamynda ýurduň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Çary Gylyjow bu pudakda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmen döwlet habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmakda, şeýle-de bäsdeşlige ukyply senagaty ösdürmekde telekeçiligiň oýnaýan roluna ünsi çekip, içerki bazary ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet mediasynyň habaryna görä, prezident Berdimuhamedow daşary söwda aragatnaşyklaryny giňeltmek hem-de azyk harytlarynyň ýurt raýatlaryndan artýan bölegini daşary ýurtlara satmak boýunça tabşyryk berdi.

Resmi habarda prezident Berdimuhamedowyň azyk harytlaryň anyk haýsy görnüşleriniň ýurt raýatlaryndan artýandygy, takyk haýsy iýmit önümleriniň daşary ýurtlara eksport edilmeginiň göz öňünde tutulýandygy mälim edilmeýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň daşary ýurtlara azyk önümlerini eksport etmek boýunça berýän tabşyrygy, ýurt raýatlarynyň gündelik azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtlaryna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary ýurtda eýýäm soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli ýagdaýda un, çörek, ösümlik ýagy, şeker, et, ýumurtga ýaly önümleriň döwlet dükanlaryndaky gytçylygynyň we olaryň hususy söwdadaky gymmatçylygynyň dowam edýändigini habar berýärler.

Habarçymyz 18-nji oktýabrda Aşgabadyň döwlete degişli käbir dükanlarynda towuk budunyň her ele çäkli möçberde, ýagny adam başyna 2 sany towuk budunyň satylýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary oktýabryň başynda Mary şäherinde ýerleşýän döwlet dükanlarynda pagta ýagynyň gytçylygynyň ýüze çykandygyny habar berdiler. Habarçylar Mary şäheriniň “Gök bazar” atlandyrylýan iň uly bazarynyň ýerzemin dükanlarynda satuwa çykarylýan gyt pagta ýagyny satyn almak üçin adamlaryň daňdan sagat 5:00-de nobata durýandygyny oktýabryň başynda habar berdiler.

3-nji oktýabrda Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçylary welaýatyň paýtagty Balkanabat şäheriniň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň döwlet dükanlarynda un üpjünçiligi bilen bagly meseleleriň soňky 3 aý bäri çözülmeýändigini habar berdiler.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda haltasy 50 kilogramlyk unlar 50 manatdan satylýar, ýöne Azatlygyň habarçylary käbir regionlarda unuň hususy söwdadaky bahasynyň sortuna görä, 160-260 manat aralygynda üýtgeýändigini habar berýärler.

Dowam edýän gytçylygyň fonunda türkmen prezidenti 18-nji oktýabrda azyk harytlaryň ýurt raýatlaryndan artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmegi tabşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG