Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň obasynda 6 aýdan soň ilkinji gezek ýag satyldy


turkmenistan. mary. people are waiting in queue in front of a state grocery store to buy cooking oil

Mary welaýatynyň obalarynyň birindäki döwlet dükanynda 6 aýa golaý wagt soň ilkinji gezek arassalanmadyk pagta ýagy satyldy. Dükanyň öňünde onlarça adamdan ybarat uly nobat emele geldi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän çeşmesiniň tassyklamagyna görä, ösümlik ýagynyň satuwy diňe bir gün, 29-njy oktýabrda dowam etdi. Ýöne ondan nobata duran adamlaryň ählisi satyn alyp bilmedi.

Marynyň obasyna 6 aýda birinji gezek ýag geldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

“Oba dükanyna 6 aý arakesmeden soň ilkinji gezek pagta ýagy geldi. Ýöne adam başyna 5 litrden artyk satylmady. Onuň bahasy 15 manat bolup, adamlar ýagyň ýany bilen 0,3 litr bankada suw hem satyn almaga mejbur boldy. Bu suwuň bahasy 5 manat bolup, adamlar jemi 20 manat töledi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän obanyň ady barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige aýdyňlaşdyrmaýar.

Çeşme döwlet dükanynyň öňündäki nobatlar barada wideo ýazgy hem iberdi. Azatlyk Radiosynyň redaksiýana gelip gowşan wideoda nobata duran oba ýaşaýjylarynyň arasynda dürli ýaşdaky aýallaryň, şol sanda gartaşan zenanlaryň, ortaça 6-14 ýaş aralygyndaky çagalaryň onlarçasyny we olaryň öz ýany bilen 5 litr ululygyndaky boş plastik gaby alyp barandygyny görse bolýar.

Çeşmäniň sözlerine görä, ýagyň satyljakdygyny eşiden oba ýaşaýjylary daňdan nobata durup başlady. Adamlar öz nobatynyň ýetmegine azyndan 5-6 sagat garaşmaly boldy. Bu bolsa, nobata duran adamlaryň arasynda dawa-jenjeliň döremegine, käbiriniň huşuny ýitirip, çaşmagyna sebäp boldy.

“Nobatda duran aýallaryň biri çaşanda, onuň ýüzüne suw sepip açdylar. Mundanam başga käbir adamlar nobatyň üstünde uruşdylar. Sebäbi dükana 10 adamdan salyp ýag satdylar. Girip bilen adamlar ýag satyn alyp bildiler. Ýag giçlige çenli satylsa-da, ony nobatdaky adamlaryň ählisi satyn alyp bilmedi” diýip, çeşme belledi.

Aýdylmagyna görä, ýagyň haçan täzeden satyljakdygy barada maglumat ýok. Ýerli resmiler ne onuň haçan gaýtadan satyljakdygy, ne-de satuwa çykarylmazlygynyň sebäpleri barada zat aýdýarlar.

Çeşmäniň sözlerine görä, soňky 6 aýyň dowamynda oba ýaşaýjylary arassalanmadyk pagta ýagyny satyn almak üçin Mary şäherindäki ýa-da etrap merkezlerindäki döwlet dükanlaryna gatnap, ilatyň sarp edýän esasy azyk önümleriniň birini satyn almaga synanyşdylar.

“Soňky aýlarda Marynyň beýleki ýerlerinde-de ýag tapdyrmaýar. Şonuň üçin ýaşaýjylaryň käbiri 5 litri 50 manatdan bahalanýan “Oleýna” atly ýagdan peýdalanýar. Ýöne hojalyklaryň köpüsiniň muňa maddy güýji ýetmeýär” diýip, çeşme belledi.

Soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda un, şeker, ösümlik ýagy, ýumurtga, towuk budy ýaly azyk harytlarynyň ýetmezçiligi dowam edýär. Bu harytlaryň gytçylygy soňky alty aý çemesi wagtyň dowamynda has-da güýçlendi.

23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary welaýatyň döwlet dükanlarynda soňky aýlarda gyt azyk harytlaryna öwrülen – unuň, ýumurtganyň we “Ahal” ýagynyň çäksiz möçberde hem-de nobatsyz satylyp başlanandygyny habar berdiler. Ýöne aradan iki gün geçip-geçmänkä bu harytlaryň satuwy gaýtadan çäklendirildi.

Halkara we ýerli synçylaryň ençemesi Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirýändigini aýdýarlar. Türkmen häkimiýetleri we ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu maglumatlary, şeýle-de azyk ýetmezçiligini we nobatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Bu habarlaryň fonunda, 18-nji oktýabrda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda azyk harytlaryň ýurt raýatlaryndan artýan bölegini daşary ýurtlara satmak boýunça degişli resmilere tabşyryk berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG