Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Biz örän uly ýalňyş goýberdik". Siriýadan çykarylan maşgalanyň takdyry


Siriýanyň weýran bolan şäherinden barýan aýal. Illýustrasiýa suraty.
Siriýanyň weýran bolan şäherinden barýan aýal. Illýustrasiýa suraty.

Siriýadan çykarylyp getirilenlerden birnäçe aýal "terrorizm bilen gatnaşykly" diýlip, sud jogapkärçiligine çekildi. Oňa degmediler, ýöne onuň gaýyn enesi iki ogly bilen Siriýa gitmekçi bolanda saklanyp, indi türmede otyr. Adamsynyň uly dogany 2012-nji ýylda Pakistanda özüni partlatdy. Adamsy Nur-Sultanda sud diňlenişiginde oturan aýal özleriniň Siriýa gidip, uly ýalňyş goýberendiklerini aýdýar.

SEKIZ ÝYLYŇ SERGEZDANÇYLYGY

Aktöbeli ýaşaýjy Asel (onuň öz haýyşy bilen ady üýtgedilip alyndy – Red.) geçen baharda Gazagystanyň ýörite gulluklary tarapyndan gurnalan "Žusan" operasiýasynyň çäginde, Siriýadan getirilipdi. Ol häzir Nur-Sultanda bolýar. Ol paýtagta adamsynyň sud işiniň derňewi bilen baglanyşykly geldi. Aseliň aýtmagyna görä, birwagt onuň adamsy “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine goşulany üçin, indi paýtagtdaky derňew izolýatorynda sud diňlenişiginde otyr.

Onuň daşary ýurtda doglan ýedi ýaşly ogly kakasynyň tussaglykda saklanýandygyny bilýär. Iki ýarym ýaşly gyzjagazy bolsa kakasyny işde hasap edýär.

— Oglum maňa «umi» diýýär, adamyma bolsa «abi». Arapçadan terjime etseň ol “eje” hem “kaka” sözüni aňladýar. Her agşam ýatmazyndan öň: “Saňa aýtdylarmy, abi näçe ýyldan erkinlige çykar?” diýip, pyşyrdy bilen soraýar. Iýul aýynda oglumyň ýedi ýaşy doldy. Şonda biz izolýatordan hat aldyk. Kakasy ogluna gowuja okagyn diýip ýazypdyr. Oglum şu ýyl 1-nji synpa okuwa gitdi, ol oňat okaýar. Bu nähilidir bir gowy umyt döredýär – diýip, Asel gürrüň berýär.

Olaryň maşgalasy 2011-nji ýylda Aktöbeden Türkiýä gidipdir. Siriýa bolsa Eýranda hem Pakistanda bolan sergezdançylykdan soň geçipdirler. Aseliň ilkinji çagasy Owganystan bilen Pakistanyň serhetindeki daglyk ýerde ýerleşen Waziristanda doglupdyr. Ýaş maşgala ol ýerde bir ýyldan gowrak ýaşapdyr. Ogly bir ýaşandan soň Aseliň adamsy Türkiýäniň üsti bilen Siriýa gitmegi ýüregine düwüpdir.

Aseliň sözüne görä, olar Siriýa geçenlerinden soň, zada zar bolmandyrlar, gowy jaýda ýaşapdyrlar. Ýöne soňky iki ýylda söweş ýagdaýyndan goranyp, ýerzeminde gün görmeli bolupdyrlar. Maşgala 8 ýyldan soň, 2019-njy ýylyň maýynda Gazagystana dolanypdyr.

— Meniň oglum: «Bu ýer şeýle gowy. Näme üçin biz Gazagystanda öňden ýaşamadyk?» diýip soraýar. Ýokarda samolýot görse, ony ABŞ-yň hem Russiýanyň uçarlary bilen deňeýär. «Bu ýerde-de musulmanlar ýaşaýar ahyryn, ýöne ol uçarlar biziň depämizden bomba taşlamaýar?» diýip soraýar. Golaýda ol oýunjak ýasamak bäsleşigine gatnaşyp baýrak aldy, özi uçar ýasady. Siriýada oýunjaklary biz özümiz ýasaýardyk – diýip, Asel ýatlaýar.

Siriýadan getirilen oglanjyk reablitasiýa merkezinde sapak öwrenýär. Aktöbe. 30-njy iýul, 2019-njy ýyl.
Siriýadan getirilen oglanjyk reablitasiýa merkezinde sapak öwrenýär. Aktöbe. 30-njy iýul, 2019-njy ýyl.

"HOSSARLARYM DINDAR ADAMLARDY"

Asel Siriýada bolan wagtlarynda, eger ýurduna dolanyp barsa, özüniň sud ediljekdigini gaýgy edipdir, indi şol gorkudan saplanýana meňzeýär. Ol özüni türmä bassalar ogly bilen gyzyny hossarlaryna bermegi ýüregine düwüpdir. Häzir ol hossarlarynyň ýanynda ýaşaýar.

Aseliň kakasy tä pensiýa çykýança Aktöbede belli fiziklerden biri eken. Sekiz ýylyň aýraçylygyndan soň gyzy yzyna dolanyp gelende, ol garyndaşlaryny jemläp toý beripdir. Aseliň sözüne görä, onuň iki çagasy ejesi bilen kakasynyň ýalňyz guwanjy.

— Meniň hossarlarym Hudaýa ynanýan adamlar. Men Aktöbe uniwersitetiniň 2-nji kursunda okap ýören wagtlarymda, namaz okap başladym. Meniň ýetişigim gowudy, meni hatda aýratyn grant bilen tölegli okuwa-da geçirjek boldular. Ýöne mugallymlar meniň ýaglyk daňynmaly däldigimi aýtdylar. Şol basyşa çydaman, uniwersiteti taşladym. Soňra öň hiç wagt görmedik ýigidime durmuşa çykdym. Bizi kakam tanyşdyrdy. Kakam ýalňyşman eken. On ýyl nikaly ýaşap, bir gezegem tersleşmedik – diýip, Asel gürrüň berýär.

Öz adamsynyň üstünden gozgalan iş baradaky soraglara jogap beresi gelenok. Siriýa gitmezden ozal onuň adamsy maldarçylyk bilen meşgullanyp, Aktöbe bazarynda et satypdyr.

Azatlygyň habarçysy Aselden, Siriýada bolan wagtyňyzda adamyňy eli ýaragly gördüňmi diýip sorady.

— Şeýle bolandyr, eger men ol elinde ýarag tutmady diýsem ýalan bolar. Ol käte iki-üç günläp öýden daşarda bolardy, käte hepdeläp. Men öýde oturdym, öýden gidenden soň onuň näme iş edendigi maňa belli däl – diýip, ol aýdýar.

"TERRORIZMI PROPAGANDA" ETMEKDE AÝYPLANÝAN

Derňew işleriniň materiallaryna görä, Aseliň adamsynyň garşysyna «terrorçylyk hereketlerine gatnaşan» hem-de «terrorizmi propaganda eden» diýlip aýyplama bildirilipdir. Ol aýyplamada başga nähili maglumatyň bardygyny Asel anyk bilenok, ýöne onuň çaklamasyna görä, «terrorizmi propaganda eden» aýyplamasynyň bolmagy mümkin, sebäbi onuň hossarlary hem Siriýa gitmäge taýýarlanypdyrlar.

Mosulyň günortasyndaky söweşijileriň maşgalalary ýerleşdirilen bosgunlar lageri. 2017-nji ýylyň 19-njy iýuly.
Mosulyň günortasyndaky söweşijileriň maşgalalary ýerleşdirilen bosgunlar lageri. 2017-nji ýylyň 19-njy iýuly.

Aseliň sözüne görä, 2016-njy ýylda onuň gaýyn enesi iki ogly bilen Aktöbeden Siriýa ugramakçy bolupdyr, ýöne olary saklapdyrlar. Asel öz adamsynyň olary Ýakyn Gündogara «çagyrmadygyny» aýdýar.

— Meniň adamym Internetden kakasynyň hem iki doganynyň tutulyp suda çekilendigini okady. Ol muňa diýseň gynandy. Meniň bilşime görä, ol öz ýakynlaryny Siriýa çagyrmandy. Megerem, onuň dogany agasyna nädogry düşünen bolsa gerek – diýip, Asel aýdýar.

Aseliň adamsynyň garyndaşlaryndan birnäçesi terror hereketlerine dahylly bolanlykda sud edildi. Siriýa gitjek bolan gaýyn enesi iki ogly bilen türmede otyr. Onuň adamsynyň uly dogany 2012-nji ýylda Pakistanda özüni partlatdy.

– Hawa, biz uly ýalňyş goýberdik – diýip, ol aýdýar. – Agyr degýän ýeri, töwerekdäkiler biziň ýalňyşymyzy görýärler-de, ökünjimizi görmeýärler. Oduň aşagynda bolsagam, Allaga şükür, biz diri galdyk.

2013-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda YouTube ulgamynda «150 gazagyň Siriýa jihada ugraýandygy» barada, 20 minutlyk ýazgy goýuldy. Ol ýazgyda gazak hem rus dillerinde gepleýän onlarça uly adamlar hem çagalar görkezilýärdi. Olar özlerini «jihad etmek üçin, Siriýa hijire ugraýan», ýagny göçüp gidýänler hökmünde görkezýärdiler. Şol döwürde ol ýazgy sosial ulgamdan peýdalanýan gazagystanlylaryň arasynda birsellem iň meşhury hem köp pikir alşylany bolupdy.

YouTube-de goýlan wideoýazgydan alnan surat, ol ýerde Siriýadaky gazak söweşijileri barada aýdylýar.
YouTube-de goýlan wideoýazgydan alnan surat, ol ýerde Siriýadaky gazak söweşijileri barada aýdylýar.

22-nji oktýabrda Nur-Sultanda Ýakyn Gündogardan getirilen 14 adamyň garşysyna jenaýat işiniň diňlenişigi başlandy. Olar “Yslam döwleti” diýilýän ekstremistik toparyň hatarynda bolup, Siriýadaky harby çaknyşyklara gatnaşanlykda aýyplanýarlar. Sud diňlenişigi derňew izolýatorynyň jaýynda geçirilýär.

MHK-nyň maglumatyna görä, "Žusan" operasiýasynyň çäginde Siriýadan 595 gazagystanly getirildi. Getirilenleriň 400-den gowragy çaga bolup, aglaba köplügi Siriýada hem Yrakda belli wagt içinde, ep-esli ýere eýelik eden “Yslam döwleti” ekstremistik topara gatnaşanlaryň maşgalalary. Halkara güýçleriň gatnaşmagy bilen Siriýadaky bileleşigiň göreşi netijesinde, “Yslam döwleti” topary eýelik edýän ýerlerini elinden gidirdi, şonda gazagystanly köp söweşiji hem olaryň maşgalalary ýesir düşüp, birnäçe lagerde galypdylar, olary şo ýerden yzyna – Watanyna getirdiler.

"Žusan" operasiýasynyň çäginde Ýakyn Gündogardan getirilenlerden birnäçesi suda çekildi. MHK-nyň mälim etmegine görä, mundan öň “Yslam döwleti” ekstremistik toparyna işjeň gatnaşandygy üçin, Siriýadan getirilenlerden on adam bilen bäş aýal dürli möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi.

2018-nji ýylyň iýulynda Milli howpsuzlyk komitetiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Siriýada hem Yrakda uruş başlanandan soň, Gazagystanyň 800 çemesi graždanini Ýakyn Gündogara gidipdir.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG