Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kasymberdi Garaýew azatlykda we Azatlyk bilen habarlaşdy


Kasymberdi Garaýew
Kasymberdi Garaýew

6-njy noýabr güni giçlik özüni Kasymberdi Garaýewiň kakasy, Maksat Garaýew hökmünde tanyşdyran bir erkek kişi Azatlyk Radiosynyň baş redaktory bilen habarlaşdy.

Mundan öň, Azatlyk Radiosy aşgabatly 24 ýaşly Kasymberdi Garaýewiň polisiýanyň edarasyna çagyrylandan soňra ýitirim bolandygy barada maglumat beripdi. Bu wakadan birnäçe gün ozal bolsa, ýagny 21-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynda onuň özüniň jynsy ugry sebäpli Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we öz ýakyn hosssarlarynyň basyşlary we gynamalary baradaky gürrüňi çap edilipdi.

6-njy noýabrda bolan telefon gepleşiginde Azatlygyň işgäri Garaýew bilen wideo arkaly habarlaşmak mümkinçiligi bilen gyzyklandy. Netijede, Imo messenjeriniň üsti bilen wideo arkaly gürleşip, onuň hakykatdan hem Kasymberdi Garaýewdigine göz ýetirildi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Garaýew mundan ozal Azatlyk Radiosy bilen hiç habarlaşmandygyny, şeýle-de mundan öň ozi barada berlen maglumatlaryň hakykata gabat gelmeýändigini aýtdy.

Türkmenistanly geý ýigidiň tussag edilen bolmagy çak edilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:00 0:00

Ýakynlaryna ýüzlenip Azatlyga ugradan wideosy barada soralanda, ol munuň başga maksatlar üçin düşürilendigini we Azatlygyň redaksiýasyna ýalňyşlyk bilen düşendigini aýtdy.

Kasymberdiniň kakasy Maksat Garaýew Azatlyk bilen söhbetdeşliginde çap edilen makalalarda aýdylýanlaryň köpüsiniň ýalandygyny aýtdy; emma, anyk nämäni ‘ýalan’ atlandyrýandygyny takyklaşdyryp bilmedi.

Ol Azatlykdan Kasymberdiniň ykbalyna alada bildiren adamlar we guramalar bilen habarlaşyp, onuň hal-ahwalynyň gowudygy barada maglumat berilmegini sorady.

Ýatlatsak, 6-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa edýän resmi saparyna gabatlap, Italiýanyň iň täsirli syýasatçylarynyň biri senator Monisa Çirinna (Monica Cirinna) Kasymberdi Garaýewi gorap çykyş etdi; şeýle-de ol italýan resmilerinden türkmen delegasiýasy bilen duşuşyklarynda onuň ykbaly bilen bagly meseläni gozgamagy sorady.

Mundanam başga, LGBT hukuklaryny goraýjy guramalaryň ençemesi Kasymberdi Garaýewi gorap, kampaniýa alyp bardylar.

Italiýanyň “Arçigeý” (Arcigay) guramasy, Erkekleriň saglygy boýunça Ýewraziýa koalisiýasy (ЕСОМ), Halkara “Ollaut” (Allout) guramasy Italiýanyň hökümetini Türkmenistanyň delegasiýasy bilen duşuşyklarynda Kasymberdi Garaýewiň ýitirim bolmagy bilen baglylykdaky meseläni gozgamaga çagydylar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rigths Watch guramasy 1-nji noýabrda beýanat ýaýradyp, onda türkmen häkimiýetlerini Kasymberdi Garaýewiň tussaglykda saklanyp-saklanmaýandygy barada derhal jogap bermäge we eger, şeýle bolsa, ony dessine azatlyga goýbermäge we degişli düşündirişleri bermäge çagyrdy.

6-njy noýabrda Amnesty International guramasy türkmenistanly geý ýigit Kasymberdi Garaýewiň ykbaly barada alada edip, “gyssagly hereket” kampaniýasyna başlady.

Türkmenistan gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan ýurtlaryň hatarynda bolmagyna galýar. Dünýäde şeýle döwletler 60 töweregi bolup, olaryň sany gitdigiçe azalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG