Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italýan senatory, LGBT guramalary Berdimuhamedowdan türkmen geý ýigidiň ykbalyny aýdyňlaşdyrmagy soraýarlar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Kasymberdi Garaýew
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Kasymberdi Garaýew

6-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa resmi sapary başlanýar. Bu barada geçen aý maglumat berlen bolsa-da, ne türkmen, ne-de italýan mediasy saparyň gün tertibi we onuň dowamynda göz öňünde tutulýan duşuşyklar barada maglumat berdi. Mundanam başga, türkmen prezidentiniň Rima sapar etjekdigi ýa-da diňe Milan bilen çäklenjekdigi hem häzirlikçe aýdyň däl. Bellesek, şu gün Milanda resmi sapara bagyşlanyp biznes forum hem geçirilýär.

Türkmenistanyň awtoritar prezidentiniň bu sapary, türkmen ýigidi Kasymberdi Garaýewiň özüniň geýdigini boýun alandan soňra, Aşgabatda ýitirim bolmagyndan iki hepde soň bolup geçýär.

Italiýanyň iň täsirli syýasatçylarynyň biri senator Monisa Çirinna (Monica Cirinna) çarşenbe güni Kasymberdi Garaýewi gorap çykyş etdi; şeýle-de ol italýan resmilerinden türkmen delegasiýasy bilen duşuşyklarynda onuň ykbaly bilen bagly meseläni gozgamagy sorady.

"Şu gün Türkmenistanyň hökümeti Milanda biziň hökümetimiziň wekilleriniň, şol sanda daşary işler ministriň orunbasarynyň hem gatnaşmagynda geçirilýän italýan-türkmen biznes forumyna gelerler. Men bu forumda eýýäm Garaýewiň ykbalyna alada bildirilendir diýip umyt edýärin" diýip, senator Çirinna özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy.

"Türkmenistanda gomoseksuallyk entegem jenaýat hasaplanýar. Bu ýurtda gazaplyk we diskriminasiýa adaty bir zat hasaplanýar. Bu barada BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşinde Türkmenistana syn berlende hem bellenilip geçildi" diýip, italýan syýasatçysy ýatladýar.

Senator Monisa Çirinna
Senator Monisa Çirinna


"Men Milandaky foruma gatnaşýan [italýan] hökümetiniň agzalarynyň bu mümkinçilikden peýdalanyp bu ýagdaýa alada bildirjekdiklerine we düşündiriş sorajakdyklaryna; şeýle-de Daşary işler ministrligiň dessine çäre görjekdigine umyt edýärin. Türkmenistanda Çeçenistanda hem bolşy ýaly LGBT jemgyýetiniň wekilleriniň hak-hukuklary bozulýar. Italiýa dymyp oturyp bilmez" diýip, Çirinna sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, LGBT aktiwistleri italýan hökümetine ýüzlenip türkmen delegasiýasy bilen duşuşyklarda Garaýewiň, şeýle-de Türkmenistandanky jynsy azlyklaryň hukuklary bilen bagly meseleleri gozgamaga çagyrýarlar.

Italiýanyň “Arçigeý” (Arcigay) guramasy, Erkekleriň saglygy boýunça Ýewraziýa koalisiýasy (ЕСОМ), Halkara “Ollaut” (Allout) guramasy Italiýanyň hökümetini Türkmenistanyň delegasiýasy bilen duşuşyklarynda Kasymberdi Garaýewiň ýitirim bolmagy boýunça meseläni gozgamaga çagyrýarlar.

“Ollaut” guramasynyň metbugat kampaniýasy boýunça ýolbaşçysy Ýuriý Guaýana Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistany Kasymberdi Garaýewiň nirede saklanýandygyny derhal düşündirmäge, eger-de ol tussaglykda bolsa, onuň dessine azat edilmegine çagyrdy.

Türkmenistanly geý ýigidiň tussag edilen bolmagy çak edilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:00 0:00

“Biziň soragymyz juda ýönekeý, biz Kasymberdi Garaýewiň nirededigini bilesimiz gelýär. Biz Türkmenistanda LGBT aktiwistleriniň juda agyr günleri başdan geçirýändiklerini bilýäris. Kasymberdi Garaýew bilen bolup geçenler barada hökman düşündiriş berilmelidir. Biz ýene-de başga birnäçe gurama bilen Kasymberdiniň ýagdaýyny derňemek we ony azatlyga çykarmak boýunça kampaniýa başlaýarys. Ol özüniň jynsy ugruny açyk boýun alyp, Türkmenistandaky LGBT aktiwistleriniň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada disskusiýa başlamak isledi. Biz oňa hemaýat bermäge taýýar” diýip, halkara guramanyň wekili gürrüň berdi.

“Arçigeý” guramasy özüniň beýanatynda 2018-nji ýylyň maýynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde Türkmenistana syn berlende, Italiýanyň islendik, şol sanda adamlaryň jynsy ugruna esaslanýan diskriminasiýalaryň öňüni almak boýunça rekommendasiýalary berendigine ünsi çekýär.

Azat Adalga: LGBT näme?
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

“Şol sebäpli, Ýewropadaky LGBT guramalarynyň köpüsiniň adyndan biz Italiýanyň hökümetini Kasymberdi Garaýewiň ýagdaýyna alada bildirmegine, şeýle-de türkmen hökümetinden bu ýagdaýa düşündiriş bermegini soramaga çagyrýarys” diýip, guramanyň beýanatynda aýdylýar.

Ýatlatsak, aşgabatly 24 ýaşly lukman Kasymberdi Garaýew polisiýanyň edarasyna çagyrylanyndan soňra ýitiririm boldy. Mundan birnäçe gün öň, ýagny 21-nji oktýabrda Azatlyk Radiosy onuň Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we öz ýakyn hosssarlarynyň basyşlary we gynamalary baradaky gürrüňini çap edipdi.

25-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň kanun goraýjy edaralaryna ýakyn bir çeşmesi Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň Kasymberdini gözleýändigini we oňa howp abanýandygyny aýdypdy. Çeşmäniň sözlerine görä, howpsuzlyk işgärleri, ilki başda “Kämil” ady bilen tanyşdyrylan, ýigide gabat gelip biläýjek ähli lukmanlary barlap başlapdyrlar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rigths Watch guramasy 1-nji noýabrda beýanat ýaýradyp, onda türkmen häkimiýetlerini Kasymberdi Garaýewiň tussaglykda saklanyp-saklanmaýandygy barada derhal jogap bermäge we eger, şeýle bolsa, ony dessine azatlyga goýbermäge we degişli düşündirişleri bermäge çagyrdy.

Türkmenistan gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan ýurtlaryň hatarynda bolmagyna galýar. Dünýäde şeýle döwletler 60 töweregi bolup, olaryň sany gitdigiçe azalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG