Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM-niň başlygyna käýinç berilmegine geý oglanyň ýagdaýynyň sebäp bolmagy mümkin


Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew

Türkmenistanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe berk käýinç bermegine türkmenistanly geý oglanyň dowul döreden ýagdaýynyň sebäp bolan bolmagy mümkin. Berdiýewiň MHM-niň ýolbaşçysy wezipesinde ilkinji gezek käýinç alan wagtynda kanun goraýjy edaralar seksual azlyklaryň wekilleri anyklamak boýunça çärelerini güýçlendirdiler. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, käbir regionlarda polisiýa Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy boýunça öň jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlary sorag edýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji noýabrda MHM-niň ýolbaşçysy Ýaýlym Berdiýewe berk käýinç yglan etdi. Bu Berdiýewiň 2018-nji ýylda milli howpsuzlyk ministri wezipesine belleneli biri alan ilkinji käýinjidir. Umuman, türkmen hökümetindäki beýleki ministrlerden tapawutlylykda Berdiýew öz awtoritar ýolbaşçysyndan örän seýrek käýinç alýar. Soňky gezek ol käýinje geçen ýylyň maý aýynda goranmak ministri bolan döwründe eýe boldy.

Azatlygyň bir-birinden garaşsyz iki çeşmesiniň aýtmagyna görä, Berdimuhamedowyň nägileligine Azatlyk bilen söhbetdeşliginde özüniň geýdigini aýdan aşgabatly ýaş lukman Kasymberdi Garaýew bilen bagly ýagdaý sebäp bolupdyr. Hökümetdäki ýagdaýlardan habarly çeşmeleriň biriniň sözlerine görä, prezidentiň gaharynyň gelmegine, onuň öz pikirine görä "türkmenler üçin masgaraçylykly ýagdaý" barada daşary ýurt mediasynda çap edilmegi sebäp bolupdyr. Şeýle-de, prezident köpçüligiň öňünde çykyş eden türkmeniň Berdimuhamedowyň özi ýaly lukman bolmagyndan nägile bolupdyr.

Ýatlatsak, 24 ýaşly Garaýew we onuň ýitirim edilmegi barada berlen maglumatlardan soň, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi tutuş ýurt boýunça medisina işgärleriniň arasynda geýleri we lesbianlary tapmak üçin barlag geçirip başlady.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýerli habarçylaryna salgylanyp habar bermegine görä, Saglygy goraýyş ministrliginiň welaýat bölümleriniň ählisinde bu meselä bagyşlanan ýygnaklarda diňe bir mesele - “öz ahlaksyz hereketleri bilen biziň hünärimizi (lukmançylygy – red. belligi) masgaralan wraç” hakynda gürrüň edildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň geçen hepdede habar bermegine görä, LGBT wekillerini anyklamak boýunça çäreler diňe saglygy saklaýyş ugry bilen däl-de, eýsem beýleki strukturalarda hem geçirilýär. Üstesine, kanun goraýjy edaralar welaýat merkezleriniň birinde (ony howpsuzlyk nukdaý nazardan agzamaýarys- red.) öň geý bolmakda şübhelenen, ýa-da Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy (beçebazlyk) boýunça öň jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlary soraga çekýär.

"Bu ýerde gomoseksualdygy belli bolan adamlary söhbetdeşlige çagyrýarlar. Hatda Nyýazow düwründe olaryň gomoseksual bolandygy sebäpli goşuna alynmadyk adamlary hem soraga çagyrdylar. Üstesine, beçebazlyk sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlar bilen söhbetdeşlik geçirdiler. Mundan öň beýle dowul turmandy, sebäbi olary diňe erkekler bilen jynsy gatnaşygyň üstünde tutulanda saklaýardylar. Häzir bolsa şol waka sebäpli şeýle gopgun turdy" diýip, habarçymyz aýtdy.

Ýatlatsak, 6-njy noýabrda Aşgabat wagty bilen agşam sagat 11 töwereginde Kasymberdi Garaýew we onuň kakasy Azatlyk Radiosynyň baş redaktoryna jaň etdiler. Olar özi barada berlen ähli habarlaryň hakykata gabat gelmeýändigini öňe sürdüler. Şeýle-de, olar Kasymberdiniň öz ýakynlary üçin ýazan we Azatlyk Radiosyna ugradan wideo ýüzlenmesiniň başga maksat bilen ýazylandygyny we onuň Azatlygyň redaksiýasyna düşmeginiň ýalňyşlyk bolandygyny aýtdylar.

Bellemeli ýeri, Kasymberdi täsirli italian senatory Monika Çirinnanyň (Monica Cirinna) ony gorap eden çykyşyndan birnäçe sagat geçensoň azatlyga çykdy. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa sapary bilen bagly edilen bu çykyşynda senator Italiýanyň hökümet agzalaryny türkmen delegasiýasy bilen duşuşykda Garaýewiň ykbalyna aladalanma bildirmäge çagyrdy.

Şeýle-de, adam hukuklaryny we LGBT haklaryny goraýjy italiýaly we halkara guramalary Garaýewi goldap kampaniýa başladylar.

Mundan öň Azatlyk Radiosy Garaýewiň polisiýa çagyrylmagyndan soň ýitirim bolandygyny habar beripdi. Şondan birnäçe gün öň 21-nji oktýabrda Azatlyk Radiosy onuň öz seksual aýratynlygy sebäpli kanun goraýjy edaralary we öz garyndaşlary tarapyndan gören kemsitmeleri we zorluklary barada beren gürrüňini çap etdi.

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň güýç strukturalaryna ýakyn çeşmämiz Kasymberdiniň gözlenýändigini we oňa howpuň abanýandygyny habar berdi. Çeşmämiz howpsuzlyk organlarynyň başda "Kämil" ady bilen tanadylan Kasymberdiniň şekillendirilmegine gabat gelip biljek ýaş lukmanlary barlandygyny mälim etdi.

Türkmenistan gomoseksualizmi jenaýat hökmünde yzarlaýan ýurtlaryň hatarynda galýar. Dünýäde şeýle ýurtlar 60 golaý bolup, olaryň sany barha azalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG