Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda öýsüz haýwanlaryň ‘awlanmagynyň’ fonunda alabaý itleriniň hojalyk jemgyýeti açyldy


Türkmen alabaý itleri. Türkmen döwlet habarlar agentliginden alnan surat.
Türkmen alabaý itleri. Türkmen döwlet habarlar agentliginden alnan surat.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň fonunda, türkmen häkimiýetleri Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumyny açdy.

18-nji sentýabrda bu toplumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary, ýaşulular, talyp we okuwçy ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar bilen bir hatarda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

“Altyn Asyr” döwlet telewideniýesiniň maglumatynda Türkmenistanda şeýle binanyň ilkinji gezek gurlandygy nygtalyp, 1 gektar meýdany tutýan bu desgada uly itleri saklamaga niýetlenen 40 sany ýer, ýaş itler üçin niýetlenen 30 ýer göz öňünde tutulypdyr.

Habarda “türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barmaga we alabaýlary saklap, köpeltmäge niýetlenendigi” aýdylýan bu toplumyň açylyş dabarasynyň döwlet baştutanynyň ýaňy-ýakynda ýazyp tamamlan “Türkmen alabaýy” diýen täze kitabynyň ilat köpçüligine ýetirilmegi bilen hem gabat gelendigi bellenilýär.

“Bu täze binanyň açylmagy türkmen alabaýlaryna berilýän ünsüň neneňsi ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa milli gymmatlygymyz hasaplanýan alabaýlaryň geljekde ösdürilip ýetişdirilmegine, mynasyp derejede taýýarlanylmagyna, olaryň dünýä derejesinde şan-şöhratyny artdyrmaga hem uly ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr” diýip, döwlet telewideniýesi Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.

Ak Bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binasy. Türkmen döwlet habarlar agentliginden alnan surat.
Ak Bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binasy. Türkmen döwlet habarlar agentliginden alnan surat.

Türkmen häkimiýetleriniň alabaý itleri üçin hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumyny açmagy, Aşgabatda öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň we öldürilmeginiň nobatdaky tapgyrynyň amala aşyrylýan mahalyna gabat geldi.

Aşgabadyň häkimiýetleri şu aýyň başyndan, ýagny Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda şäheriň Parahat-1, Parahat-2, Parahat-3, Parahat-4, Parahat-11 we Howdan etrapçalarynda öýsüz itleri we pişikleri köpçülikleýin tutmak çärelerini güýçlendirdiler.

19-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri bilen anonim şertde söhbetdeş bolan Çoganlydaky angaryň işgäri irden sagat 8:00 töwereginde 180 çemesi itiň we pişigiň getirilendigini aýtdy.

“Uly haltalardaky bu itleriň we pişikleriň ählisi ölüdi” diýip, tutulan ýa-da öldürilen öýsüz haýwanlaryň eltilýän angarynda işleýän bir işgär aýtdy.

Öýsüz haýwanlary tutmak işini jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri, şol sanda köçe süpürijiler we raýat egin-eşigindäki adamlar amala aşyrýarlar.

“Olar itleri we pişikleri tutup, uly haltalara salyp alyp gidýärler. Ondaky itleriň we pişikleriň aglabasy eýýäm haltada ölýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy 18-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri Aşgabatdaky öýsüz haýwanlary tutmak we öldürmek çärelerini indi 2012-nji ýyldan bäri dowam etdirýärler. Ýöne bu çäre 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndan bir ýyl öň, ýagny 2016-njy ýylyň tomsunda güýçlendirildi.

Şondan bäri Aşgabadyň häkimiýetleri Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ýa-da Täze ýyl ýaly ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da halkara çäreleriň öňüsyrasynda öýsüz itleri we pişikleri ýok etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we söhbetdeşleri itlere we pişiklere sütem edilişi bilen bagly onlarça waka barada habar berip, wideo ýazgylary iberdiler we olaryň köplenç köçede köpçüligiň gözüniň alnynda öldürilýändigini aýtdylar.

Aşgabadyň häkimiýetleri öýsüz haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilmegi barada resmi kommentariý bilen çykyş etmeýärler. Bu barada remi metbugatda hem mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG