Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik oppozisiýa aktiwisti ÝB-den gaçybatalga sorajakdygyny aýdýar


Farhod Odinaýew

Täjik oppozisiýa aktiwisti we žurnalisti Farhod Odinaýew, Täjigistana dolanan halatynda tussag edilmek ähtimallygy sebäpli, Ýewropa Bileleşiginden syýasy gaçybatalga soramakçydygyny mälim etdi.

Geçen hepde belarus resmileri täjik resmileriniň Odinaýewi ekstradisiýa etmek baradaky haýyşyny ret edip, ony azatlyga goýberipdiler.

Odinaýew 25-nji sentýabrda Belarusyň migrasiýa resmileri tarapyndan tussag edildi. Ol Polşanyň paýtagty Warşawada adam hukuklary boýunça geçmeli konferensiýa gatnaşmaga barýardy.

Odinaýew Azatlyk Radiosy bilen 10-njy noýabrda geçiren söhbetdeşliginde häzir bir ýyllyk wiza bilen Germaniýa aşandygyny aýtdy.

Ol yzyna – Täjigistana dolanan halatynda janyna howp abanyp biljekdigini belledi.

Täjik we rus raýatlygyna eýe bolan Odinaýew gadagan edilen Yslam Galkynyş Partiýasynyň agzasy bolupdy. Şeýle-de ol 2013-nji ýylda ençeme aýlap düýbi Moskwada ýerleşen Safo TV oppozisiýa tele-kanalyna ýolbaşçylyk edipdi. Bu kanal şol ýylyň özünde rus resmileri tarapyndan ýapyldy.

XS
SM
MD
LG