Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesiýada soňky 50 ýylda iň güýçli suw joşguny emele geldi


Wenesiýanyň meri Luigi Brugnaro suw basan Sant Mark meýdançasyndan barýar, Wenesiýa, 13-nji noýabr, 2019
Wenesiýanyň meri Luigi Brugnaro suw basan Sant Mark meýdançasyndan barýar, Wenesiýa, 13-nji noýabr, 2019

Italiýanyň Wenesiýa şäherinde soňky 50 ýylda iň güýçli suw joşguny emele geldi. Kanallardan ybarat bu şäherde suwuň derejesi taryhda ikinji gezek şeýle ýokary derejä galýar.

12-nji noýabrda agşam suwuň derejesi 187 santimetr beýiklige göterilip, şäheriň 90% çemesini basypdyr. 13-nji noýabrda Italiýanyň suw joşgunlaryna gözegçilik edýän merkezi bu ýagdaý suw joşguny bilen bagly adatdan daşary ýagdaýy döredýär.

Mundan öň Wenesiýada suwuň joşmagynyň iň ýokary derejesi 1966-njy ýylda 198 santimetr derejesinde hasaba alnypdy.

Weneto regionynyň gubernatory Luka Zaia bir adamyň wepat bolandygyny, emma munuň sebäbiniň dessine anyklanmandygyny aýtdy.

Italianyň mediasy 78 ýaşly ýerli ýaşaýjynyň jaýyny suw basmagy zerarly elektrik togundan zeper alyp wepat bolandygyny habar berdi.

Meşhur Sant Mark kilisesini suw basyp, gadymy mozaikalara we beýleki sungat eserlerine zeper ýetirmek howpuny döretdi.

Wenesiýanyň meri Luigi Brugnaro bu "pajygaly ýagdaýa" howanyň üýtgemeginiň sebäp bolandygyny aýtdy we deňiz bentlerini döretmek boýunça uzaga çeken proýektleri tamamlamaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG