Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz tüwi planyny ‘artygy bilen doldy'. Lebapda şaly oragyna prokuratura işgärleri gözegçilik edýär


Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) websaýtyndan alnan surat.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty Daşoguz welaýatynyň kärendeçileriniň ýyllyk şaly hasyl borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendigini we munuň planlaşdyrylandan has köp bolandygyny habar berýär.

Munuň bilen bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bilen söhbetdeş bolan lebaply däneçi daýhanlar welaýatda şaly planynyň ýerine ýetirilmezliginiň örän mümkindigini, şol sebäpli şaly oragyna prokuratura işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýändigini aýdýarlar.

Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) 12-nji noýabrda çap eden habaryna görä, şu ýyl Daşoguzda 8 müň 100 gektar meýdandan 35 müň tonnadan gowrak hasyl alyndy. Ýöne habarda göz öňünde tutulan şaly hasylynyň mukdary aýdyňlaşdyrylmady.

Türkmen mediasy muňa ýygym möwsüminiň ýokary derejede guramalaşdyrylmagynyň, kärendeçilere ähli zerur şertleriň döredilmeginiň sebäp bolandygyny belleýär.

“Ýygym möwsümine ýöriteleşdirilen tehnikalaryň ençemesi, şol sanda John Deere we Claas markaly ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 200 çemesi gatnaşdy” diýlip, habarda aýdylýar.

Şaly önümçiligi köp mukdarda suwaryş suwuny talap edýär.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan kärendeçileriň ençemesi suw, tehnika kösençliginiň şu ýyl hem saklanyp galandygyny aýdyp, şaly hasylynyň pes bolandygyny belleýär.

Olar şu günler şaly hasylyny iň soňky dänesine çenli orup almak üçin tagalla edilýändigini we bu işlere prokuratura hem-de ýörite gulluklaryň işgärleriniň gözegçilik edýändigini aýdýarlar.

“Plany dolmak kyn bolsa-da, munuň üçin ähli çäreler görülýär. Hatda organ we prokuratura işgärleri kombaýnlara gizlin kameralary ýerleşdirip, ogurlyklaryň öňüni almaga synanyşýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 13-nji noýabrda gürrüň berdi.

Mundanam başga, ol Amyderýanyň ençeme şaly meýdanynda, şeýle-de Garamätiniýaz we Zeýt şaly meýdanlarynda gizlin barlaglaryň geçirilýändigini hem belledi.

“Harmanhanalar we laboratoriýalar, şeýle-de bu ýerde işleýän işgärler we olaryň işi barlanýar. Harmanhanalarda işleýän sürüjiler bilen ýolbaşçylaryň özarasynda ylalaşyp, şaly ogurlaýandygynyň üsti açylypdyr. Bu barlaglar şu wakalardan soňra gizlin görnüşinde geçirilýär” diýip, habarçy daýhanlaryň we oba hojalyk işgärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Lebaply kärendeçiler şu ýyl özleriniň şaly hasylynyň pes bolmagyndan alada edýändikleri barada geçen aýlarda hem habar beripdiler.

11-nji oktýabrda Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan lebaply kärendeçiler gyrmançalardan dolan ýaplaryň, zeý kanallarynyň arassalanmaýandygy sebäpli özleriniň ekin meýdanlarynyň guraýandygyny aýdypdylar.

Şu ýyl Türkmenistanda şaly ekişine maý aýynda girişildi. 2019-njy ýylda Türkmenistanda jemi 18 müň 300 gektar ýere şaly ekilip, 82 müň 400 tonna tüwi hasylyny almak planlaşdyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG