Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Impiçment diňlenişigine ‘potensial möhüm’ şaýat çagyryldy


ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň Aňtaw komitetiniň başlygy, kongresmen Adam Şiff (Adam Schiff)
ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň Aňtaw komitetiniň başlygy, kongresmen Adam Şiff (Adam Schiff)

ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň Aňtaw komitetiniň başlygy, kongresmen Adam Şiff (Adam Schiff) prezident Donald Trampyň (Donald Trump) impiçment diňlenişiginde görkezme bermek üçin ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçihanasynyň işgärini çagyrandygyny mälim etdi.

Şiff ony prezidentiň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalandygyny delillendirip biljek “potensial möhüm şaýat” diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň Ukrainadaky ýokary derejeli diplomaty William Taýloryň (William Taylor) 13-nji noýabrda komitetiň öňünde eden çykyşynda aýtmagyna görä, onuň işgärleriniň biri Trampyň 26-njy iýulda bolan telefon gepleşiginde ABŞ-nyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Gordon Sondlanddan “derňewler” barada sorandygyny eşidipdir.

Sondlandyň hem ukrainalylaryň bu işi ilerletmäge taýýardygyny aýdyp jogap berendigi aýdylýar.

Wekiller Öýüniň Aňtaw komiteti Trampyň özüniň syýasy bäsdeşi Joe Baýdeni (Joe Biden) derňetmek üçin ukrainaly kärdeşi Wolodymyr Zelenskä basyş edip-etmändigini seljerýär.

Taýloryň sözlerine görä, Sondland Tramp bilen telefon gepleşiginden soň ilçihananyň işgärine “ABŞ-nyň prezidenti Ukrainadan has köp Baýdeniň maşgalasynyň derňewini alada edýär” diýipdir.

XS
SM
MD
LG