Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Konguň polisiýasy uniwersitetiň okuw meýdançasynyň daşyny gurşap alýar


Politehnika uniwersitetiniň daşynda bolan çaknyşyklarda Hong Konguň polisiýasy demokratiýa tarapdar protestçileri tussag edýär. 18-nji noýabr, 2019 ý.
Politehnika uniwersitetiniň daşynda bolan çaknyşyklarda Hong Konguň polisiýasy demokratiýa tarapdar protestçileri tussag edýär. 18-nji noýabr, 2019 ý.

Gijäň ýary hökümete garşy ýüzlerçe protestçiniň gatnaşmagynda bolan ýowuz gapma-garşylyklardan soň, Hong Konguň polisiýasynyň uniwersitetiň okuw meýdançasynyň daşyny gurşap alýandygy barada habar berilýär.

18-nji noýabrda irden ofiserler Politehnika uniwersitetiniň okuw meýdançasyndan gaçyp çykmaga synanyşan onlarça protestçini saklamak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin oklary we taýaklary ulandy.

Birnäçe adam tussag edildi.

Polisiýa protestçileriň okuw meýdançasyndan gidip biljekdigini aýtdy, ýöne olara ýaraglaryny taşlamaga we gaz maskalaryny çykarmaga çagyryş etdi.

Gijäň ýary polisiýa uniwersitetiň okuw meýdançasyna girmäge synanyşanda, protestçiler olara benzin bombalaryny we kerpiçleri oklady.

Ýarym awtonom Hong Kong regionyndaky protestler mundan alty aý töweregi ozal, hökümetiň ekstradisiýa baradaky kanun taslamasyny ýatyrmagy baradaky çagyryşlar bilen başlandy we soňra talaplar giňäp, köpçülikleýin köçe hereketlerine ýazdy.

Protestçiler ýarym awtonom sebitde Hytaýyň täsiriniň barha artýandygyny, Pekiniň esasy azatlyklary we erkinlikleri çäklendirýändigini aýdyp, muňa nägileligini bildirýärler.

18-nji noýabrda Hytaýyň Daşary işler ministrligi protestçileri “adaty raýatlara garşy özlerini ýowuz alyp barýan bir gysym jenaýatçylar” diýip aýyplady.

XS
SM
MD
LG