Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetabadyň harby birikmelerindäki iýmit ýetmezçiligi esgerleri horlaýar, serkerdeler ýaş esgerlerden para soraýar


Illýustrasiýa suraty. Nyzamdaky esgerler.
Illýustrasiýa suraty. Nyzamdaky esgerler.

Geçen hepde Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar we Serhetabat (ozalky Guşgy) etraplarynda, şeýle-de Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän harby birikmelerinde harby kasam kabul ediş dabaralary geçirildi. Dabara gatnaşandan soň Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen gürrüňdeş bolan esger hossarlary, harby birikmelerdäki iýmit ýetmezçiliginden hem-de harby serkerdeleriň para talabyndan şikaýat etdiler. Bular barada habarçy 18-nji noýabrda habar berdi.

Lebap welaýatynyň bir ýaşaýjysy harby kasam kabul eden oglunyň gulluk edýän birikmesindäki iýmit ýetmezçiligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren gürrüňinde esger oglunyň 35 günüň içinde ep-esli horlanandygyny aýtdy. Esgeriň harby birikmesi we onuň ýerleşýän ýeri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli agzalmaýar.

Lebaply esger atasy harby kasam kabul edişlik dabarasynda ogluna rugsat almak üçin harby serkerdelere 400 manat möçberinde para bermäge mejbur bolandygyny aýtdy. Ol harby birikmedäki iýmit üpjünçiliginiň pesliginden alada galyp, ogluna çörek satyn almagy üçin goşmaça 1000 müň manat möçberinde pul goýup gaýdandygyny, harbylaryň iýmit üpjünçiliginiň örän ýaramazdygyny aýdýar.

“Oglunyň iýmit ýetmezçiligi we iýmitiň hiliniň erbetdigi barada beren maglumatlaryndan soň lebaply esger atasy mundan beýläk her aý ogluna azyk we iýmit üçin pul bermek kararyna gelipdir” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň sözlerine görä harby birikmelerde serkerdeler ýaş esgerlerden tamakinçilik bilen pul soraýar.

Habarçy Serhetabadyň serhet garnizonynda esgerleriň arasynda dedowşinanyň giň ýaýramagynyň ene-atalary alada goýýandygyny aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, bu garnizonyň çäginde ýerleşýän birikmelerde uly esgerleriň ýaş esgerleri ýençmegine ýa-da öldürmegine degişli hadysalar ýygy-ýygydan gaýtalanýar, munuň netijesinde esgerleriň gullukdan gaçmagy ýaly wakalar köp bolup geçýär.

Galyberse-de, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary Serhetabadyň harby birikmelerinde iýmit üpjünçiliginiň ýaramazdygy barada mundan ozal hem habar beripdi. Geçen ýylyň iýulynda Azatlygyň habarçysyna beren gürrüňinde ogly Serhetabatda gulluk edýän aşgabatly bir ene her aýda bir gezek oglunyň yzyndan baryp, oňa iýmit äkidýändigini aýdypdy.

“Aýda bir gezek çörekden, gowurmadan, gök önümlerden, konserwa önümlerinden ýüklenip, Serhetabada gidip, oglumy iýdirip-içirip gaýdýaryn” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ene gürrüň berdi.

Mary welaýatynyň Serhetabat etraby Owganystan bilen serhet ýakada ýerleşýär. Ol ýerdäki serhet birikmelere serhediň owgan tarapyndan ot açylýandygy barada wagtal-wagtal maglumatlar peýda bolup durýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna oktýabryň başynda mälim bolan maglumatlara görä, 1-nji oktýabrda Aşgabadyň harby keselhanalaryna Serhetabatdan onlarça esger getirildi. Olaryň keselhana alnyp barylmagynyň sebäpleri nämälimliginde galýar.

Serhetabatda SSSR döwründen bäri tankly we motoatyjy goşunlary öz içine alýan harby garnizon ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Owganystandaky habarçysy, ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän etraplarynyň 80% gowragynyň “Talybanyň” we beýleki ýaragly toparlaryň gözegçiliginde galýandygyny ýerli meýdan komandirlerine salgylanyp habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG