Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dostum harby gullukdan aşgazan keseli we aýaklarynda ýaralar bilen yzyna dolandy”


Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda ýaşlary çagyryş boýunça harby gulluga almak çäreleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygy baradaky habarlaryň fonunda, Azatlyk Radiosyna goşundaky kemsitmeler, esgerleriň “kadasyz” gulluk şertleri barada habarlaryň gelmegi dowam edýär.

18-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri bilen söhbetdeş bolan we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän harby bölümde gulluk eden ozalky esger öz tejribelerini we pikirlerini paýlaşdy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren we gullukdan ýaňy-ýakynda boşadylan ozalky esger paýtagtda ýerleşýän polisiýanyň№1001 belgili harby bölümindäki esgerleriň iýmitlenişiniň birneme kadalydygyny, ýöne beýleki şertleriň düýbünden gözgynydygyny gürrüň berdi.

“Meniň bagtym çüwdi diýsek-de boljak. Sebäbi men ‘Akdagyň’ kakasynyň adyny göterýän harby bölümde gulluk edenim üçin bu ýerde azyk-iýmit üpjünçiligi kadalydy we ene-atalarymdan yzymyzdan azyk ibermegi soramaly bolmadym. Ýöne galan şertler ýurduň beýleki harby bölümlerindäki ýalydy. Ýagny, adama mynasyp şertler ýokdy. Gigiýena gözegçilik edilmeýärdi” diýip, ozalky esger aýtdy.

Ýöne ol ýurduň beýleki harby bölümlerinde ýagdaýyň has-da ýaramazdygyny belläp, çagyryş boýunça harby gullugyny welaýatlaryň birindäki harby bölümde geçip gelen dostunyň başdan geçirenlerini gürrüň berdi.

“Ol oglan harby gullukdan çynlakaý problemalar bilen yzyna geldi. Ol kadaly iýmitleniş bolmany üçin gastrit keseline uçrapdyr. Aýaklarynda ýaralary we başga-da ençeme problemasy bardy” diýip, ozalky esger aýtdy.

Mundanam başga, ol ýurtdaky harby bölümleriň tas ählisinde, şol sanda Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän №1001 belgili harby bölümde komandirleriň çagyryş boýunça harby gullugy tamamlaýan esgerleriň her birinden “Häsiýetnama” üçin 400 manat alýandygyny hem belledi.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanda raýatlar käbir ýokary okuw jaýlaryna ýa-da işlere ýerleşende bu “Häsiýetnama”seredilýär. Eger raýata “gowy bolmadyk” häsiýetnama berlen bolsa, kähalatda bu oňa “ynam bildirip bolmajak adam” diýlip, kynçylyklary döredip bilýär.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň harby wekilliginden we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän polisiýanyň №1001 belgili harby bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosy türkmen goşunyndaky zorluk-sütemleriň pidalary, pidalaryň garyndaşlary we goşunda bolýan hadysalar barada geçen ýyllaryň dowamynda ençeme gezek habar berdi.

Ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gulluk edendigini aýdýan ozalky esgerleriň biri Azatlyk Radiosynyň “Hormatly Arkadag" rubrikasyna hat ýazyp, “2 yylyň içinde özüni asmaga synanyşan, iňňe ýuwdan, özüni pyçaklan, gaçmaga synanyşan esger gördüm” diýdi.

“Ene-ata näçe wagt o çagany yetişdirýä? 2 yyl gullukda tutuş zaýalanyp gelyä ol esger. Ertir-birgün uruş bolsa, kim öz yurdy üçin söweşer? Näme üçin hiç kimiň gözüne görnenok bu zatlar? Hemme bilyäkä şulary, näme üçin düzedilenok bu zatlar? NÄME ÜÇIN ESGER ADAM ÝERINE GOÝLANOK BU ÝURTDA?” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny aýtmadyk ozalky türkmen esgeri sorady.

Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň bir bölegi goşundaky kemsitmeleri sowet döwründen gelýän, sowet ýaragly güýçlerindäki “dedowşina”, agalyk medeniýetiniň dowamy hasaplaýar. Galan bölegi bolsa, bu ýagdaýy türkmen jemgyýetindäki “ýaşuly” medeniýeti bilen baglanyşdyrýar.

Geçen hepdeleriň dowamynda ýurtda orta mekdebi şu ýyl tamamlaýan okuwçylaryň çagyryş boýunça harby gulluga äkidilýändigi, şeýle-de daşary ýurtda bilim alýan käbir studentleriň dynç alşa Türkmenistana dolananda Aşgabadyň halkara aeroportundan göni harby gulluga äkidilendigi barada hem Azatlyk Radiosy habar berdi.

Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” kanunynda ýurtda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýat harby gulluga çagyrylmaga degişlidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG