Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby gulluk: Ene-atalar çagalaryna ýurda dolanmazlygy tabşyrýar


Türkmen esgerleri

Türkmenistanyň harby wekillikleriniň goşun gullugyna alynmaly ýaşlaryň garşysyna çärelerini güýçlendirip, olaryň 27 ýaşyň aşagyndaky oglanlary “awlaýandygy” barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýär.

“Indi ýaşlar kanikulda Türkmenistana dolanan mahalynda, olara aeroporta gelen dessine, harby gulluga alynjakdygy aýdylýar. Häzirki wagt ene-atalaryň tas ählisi diýen ýaly çagalaryna okuwy doly tamamlanýança, ýurda dolanmazlygy tabşyrýarlar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri çagalary daşary ýurtlarda okaýan ene-atalaryň ençemesine salgylanyp, 30-njy aprelde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagt 27 ýaşa çenli bolan oglanlaryň ählisini harby gulluga alyp gidýärler. Ýöne bu ýaş çäklendirmesiniň 35 ýaşa çenli ýokarlandyryljakdygy barada gep-gürrüňler hem bar.

“Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, iki çagasy bolan oglanlar harby gulluga alynmaýar. Ýöne bu ýagdaýyň hem üýtgejekdigi, ýagny iki çagasy bolan oglanlaryň hem harby gulluga alynjakdygy barada hem ilat arasynda gürrüňler bar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary Türkmenistanyň Goranmak ministrligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Şeýle-de, Aşgabat şäheriniň harby wekilligi bilen habarlaşmak synanyşyklary hem netije bermedi.

Ýöne bu maglumatlar harby gulluga almak boýunça 20-nji martda başlanan ýazky möwsümiň öňkülerden biraz tapawutlanýandygy barada garaşsyz neşirde çykan habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

27-nji aprelde ýurt içinden alternatiw habarlary çap edýän “Turkmen.news” neşiri Türkmenistanyň harby wekillikleriniň goşun gullugyna alynmaly ýaşlaryň garşysyna “aw-şikär” yglan edene meňzeýändigini we olaryň “ähli adamy bir uçdan goşun gullugyna alyp gidýändigini” habar berdi.

Neşiriň öz ýerli çeşmelerine salgylanyp tassyklamagyna görä, harby wekillikler migrasiýa gullugy bilen bile hereket edip, ýaş ýigitleriň ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizýärler.

Şol bir wagtda, ozal dürli sebäpler esasynda goşun gullugyndan galdyrylan ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli goşunda gulluk etmeli däl edilen ýaşlary hem goşuna alýarlar diýip, “Turkmen.news” ýazýar.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda türkmen häkimiýetleri daşary döwletlerde bilim alýan ýaşlary harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda getirmek çärelerini güýçlendirdiler.

Mart aýynyň dowamynda Aşgabadyň harby bölümleriniň işgärleri daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalaryna jaň edip, olaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda dolanmagyny talap etdiler. Bu barada Azatlygyň habarçysy 1-nji aprelde habar berdi.

10-njy aprelde Azatlyk Radiosy bilen Belarusdan habarlaşan türkmenistanly student häzirki wagt ekzamenlerden geçip bilmedik studentleriň dessine Belarusdan deport edilýändigini we Türkmenistanda harby gulluga alnyp gidilýändigini gürrüň berdi.

Harby gulluga çagyryljaklaryň medisina barlaglary 23-nji ýanwarda başlandy. Şonda Azatlygyň habarçylary şu ýyl harby gulluga saglyk taýdan ýarawsyz ýaşlaryň çekilýändigini hem habar berdiler.

Bu çäreleriň fonunda, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrligindäki çeşmesi Türkmenistanyň harbylarynyň harby gullukdaky esgerleriň we ätiýaçdaky gullukçylaryň taýýarlyk derejesinden aladalanma bildirýändigini 16-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Türkmenistanda raýatlar iki ýyl möhletli harby gulluga ýylyň dowamynda iki gezek – baharda hem güýzde – çagyrylýar.

20-nji martda Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine nobatdaky çagyryş yglan edildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken permanyna we buýrugyna laýyklykda, 18 ýaşy dolan raýatlar 2019-njy ýylyň aprel-iýun aýlarynyň aralygynda harby gulluga çekiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG