Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji protestçileri sud edilýär


Tbiliside polisiýa protestçilere garşy suw toplaryny atýar. 18-nji noýabr, 2019 ý.
Tbiliside polisiýa protestçilere garşy suw toplaryny atýar. 18-nji noýabr, 2019 ý.

Tbiliside gürji parlamentiniň daşynda geçirilen protestleriň dowamynda kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine boýun bolmazlykda we huligançylykda aýyplanyp saklanan 37 adamyň üstünden 19-njy noýabrda sud diňlenişigi geçiriler. Bu barada olaryň aklawçysy mälim etdi.

Içeri işler ministrligi “parlament binasynyň petiklenen girişleriniň ählisiniň emeli böwetlerden arassalanandygyny” aýtdy.

“Kanunçykaryjy organ işini hiç hili bökdençsiz dowam edip biler” diýip, Ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Mundan bir gün öň, polisiýa parlamentiň saýlaw reformasyny geçirmekden ýüz öwürmegine nägilelik bildirip tertip dördünji gün proteste çykan demonstrantlara garşy suw toplaryny atypdy.

Haçanda ýüzlerçe demonstrant “Uzak ýaşa Gürjüstan!” diýip gygyryp parlamentiň binasynyň golaýynda toplananynda polisiýa işgärleri herekete geçdi we gazaplylyk ýüze çykdy.

Polisiýanyň arassalaýyş çäresinde alty adam, şol sanda polisiýanyň iki ofiseri hem ýaralandy diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy.

XS
SM
MD
LG