Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti nebitgaz pudagynyň şowsuzlygyny boýun aldy


Türkmenistanyň hökümetiniň maslahaty (arhiw suraty)
Türkmenistanyň hökümetiniň maslahaty (arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti soňky ýyllarda "nebitgaz toplumynyň netijeliliginiň, esasan nebit we gaz önümçiliginde, olaryň senagat zapaslaryny artdyrmakda pese gaçandygyny, ýyllyk planlaryň sistematiki ýerine ýetirilmeýändigini" ilkinji gezek boýun aldy.

Döwlet mediasynyň maglumatyna görä, bu barada Türkmenistanyň ýolbaşçysy 19-njy noýabrda nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda aýdypdyr.

Prezidentiň sözlerine görä, 2018-nji ýylyň görkezijilerine görä, Türkmenbaşy toplumyň nebit önümçiligi 89,8% peselipdir, dizeliň 91,8% we suwuklaşdyrylan gazyň 82,5% peselipdir. Nebit önümlerini ýurduň içerki bazarlarynda ýerleşdirmekde hem kemçilik goýberilipdir. Şeýle-de, zawodda öndürilän polipropilen önümleriniň halkara bazarlaryna çykarmak tertibi berjaý edilmeýär. Netijede kärhananyň daşary ýurt walýutasyndaky girdejileri 2% azalypdyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tankydy ýurtda uzaga çeken benzin gytçylygynyň dowam edýän wagtynda edildi. Ýurduň ulag sürüjileri benzin almak üçin nobatlarda durmaly bolýarlar, köp ýangyç stansiýalarynda benzin köplenç bolmaýar, awtoulag ýangyjynyň hili ýaramazlaşýar.

20-nji noýabrda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy, Lebap welaýatynda dowam edýän ýangyç ýetmezçiligi barada şeýle habar berdi:

- Lebapda ​А-92 we А-95 markaly benzin ýok. Ýaşaýjylar А-80 guýmaly bolýarlar. Türkmenabadyň we käbir etraplaryň zaprawkalarynda Eko-93 benzin peýda boldy, emma ulag sürüjileriň köpüsi ony guýmakdan saklanýarlar, sebäbi onuň awtoulaglaryň hereketlendirijisini gaty tiz sandan çykarýandygyny aýdýarlar. Üstesine ol gymmat, bir litri 2 manada durýar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Türkmenistanda benziniň bahasy döwlet tarapyndan kesgitlenýär. Resmi nyrhlara görä, dizel ýangyjynyň bir litri 1,4 manada, A-80 benziniň 1,2 manada durýar.

​Mundan öň Türkmenistanyň hökümeti nebitgaz önümleriniň önümçiliginiň artdyrylýandygyny, olaryň daşary ýurtlara eksportunyň möçberiniň ýokarlanýandygyny ençeme gezek habar beripdi. Iýul aýynda türkmen häkimiýetleri ýylda 600 müň tonna benzin, 12 müň dizel we 115 müň tonna suwuklaşdyrylan gaz öndürmäge niýetlenen 1,7 milliard dollara gurlan täze kärhananyň işe girizilendigini yglan etdi.

Emma pudagyň üstünlikleri baradaky ozalky resmi maglumatlaryň fonunda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň nebit önümçiliginiň dörtden bir bölegini üpjün edýän esasy kärhanasynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodunyň işiniň togtadylandygyny habar beripdi.

9-njy sentýabrda Azatlygyň habarçysy Türkmenbaşydaky bu kärhananyň 6 aýyň dowamynda işiň togtandygyny habar beripdi. Sentýabrda kärhananyň baş müdiri Ýazmyrat Muhammetmyradow işden boşadyldy.

Döwlet mediasyna görä, prezidentiň 19-njy noýabrda mälim eden sanlaryna görä, "Türkmennebit" döwlet konserni 10 aýlyk plany diňe 88,7% derejesinde ýerine ýetiripdir, "Türkmengazyň" tebigy gaz önümçiligi boýunça plany ýerine ýetirişi 94,6% bolupdyr.

Şeýle-de, nebit önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmakda hem kemçilikler bolupdyr. Mundan daşary, türkmen tarapynyň Türkmenistanyň nebit önümçiligine gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň öňündäki borlaryny ýerine ýetirmekde problemalar ýüze çykypdyr.

Hususan-da, türkmen tarapy "Türkmennebit" kompaniýasynyň we Italiýanyň ENI kompaniýasy bilen arasynda "Nebitdag" ylalaşyk territoriýasynyň önümini bölüşmek hakyndaky ylalaşykda görkezilen paýyny wagtynda bermändir. Bu ýerde 18 müň tonna nebit öndürilipdir. Şeýle-de, Orsýetiň "Tatneft" we singapuryň "Ýug-Nefegaz" şirketi bilen ylalaşyklaryň şertleri doly derejede berjaý edilmändir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG