Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Benzin gytçylygy dowam edýär. Köçelerde ulag göze ilmeýär


Baýramaly - Mary ýoly, Türkmenistan, sentýabr 2019
Baýramaly - Mary ýoly, Türkmenistan, sentýabr 2019

Türkmenistanyň welaýatlaryndaky ýangyç stansiýalarynda benzin gytçylygy saklanýarka, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýollarda awtoulaglaryň esli azalandygyny habar berýärler.

"А-92 we А-95 benzini asla ýok, diňe käbir zaprawkalarda A-80 tapyp bolýar. Dizel ýangyjy hem ýitdi. Bu şeýle bir göze ilýär, ýollar sözüň hakyky manysynda boşap galdy" diýip Türkmenistandaky habarçylarymyzyň biri 4-nji sentýabrda habar berdi.

Habarçylarymyzyň ýene biri Marydaky ýagdaý barada habar berip, welaýatda A-80 markaly benzinden başga ýangyjyň ýokdugyny we bu barada bildirişleriň ýerleşdirilendigini aýdýar.

"Mary welaýatynda benzin ýetmezçiligi has-da güýçli duýulýar. A-80-den başga benzin ýok. Şu gün ähli ýangyç stansiýalarynda 92-nji benziniň ýokdugy hakynda bildirişler asyldy. Ýöne köp ulag eýeleri pes hilli benzini guýmakdan saklanýarlar, şu sebäpden ýollarda ulaglar azaldy" diýip Marydaky habarçymyz 2-nji sentýabrda habar berdi.

Azatlygyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri pes hilli ýangyjyň awtoulaglary zaýalaýandygyny aýdýarlar we köpçülikde ulag bejertmek üçin maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny, şu sebäpden köpçüligiň öz awtoulagyny ulanmakdan saklanýandygyny belleýärler.

Awtoulagynda gazanç etmek türkmenistanlylaryň ençemesi üçin ýeke-täk girdeji serişdesi bolup durýar.

"Köpler ulag arkaly edýän gazanjynyň hasabyna ýaşaýarlar. Olara has agyr düşýär. Häzir gün görmek üçin öý goşlaryny satýanlar hem bar. Üstesine, awtoinspeksiýa awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyndan bahana gözläp, para talap edýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Energiýa resurslaryna baý Türkmenistanda benzin gytçylygy 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýär. Şu tomsuň başynda benzin has-da gytaldy.

Awtoulaglar üçin ýangyç gytçylygynyň fonunda döwlet metbugaty ýurtda täze ýangyç stansiýalarynyň gurulýandygyny we benziniň daşary ýurtlara satylýan mukdarynyň artdyrylýandygyny habar berýär.

20-nji awgustda çap bolan resmi magmatlara görä, Lebap welaýatynda günde 500 ulaga hyzmat etmek üçin niýetlenen iki sany täze desganyň düýbi tutulypdyr. Olaryň biri Türkmenabat-Gazojak, ikinjisi J.Hekimow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşer.

31-nji awgustda Türkmenistanda öndürlen benziniň Şweýsariýanyň we Owganystanyň telekeçileri tarapyndan satyn alnandygy habar berildi, emma eksport edilen türkmen ýangyjynyň mukdary takyklaşdyrlmady.

Türkmenistanda benzini öndürýän iň uly kärhana Türkmenbaşyda ýerleşýär. Ýurduň awtomobil ýangyjy önümçiliginiň dörtden bir bölegi onuň paýyna düşýär. Ýene bir kärhana Seýdidäki zawod geçen ýylda planyny artykmajy bilen ýerine ýetirip, awtomobil ýangyjynyň we mazutyň 500 müň tonnasyny öndüripdir. Önümiň aglaba bölegi daşary ýurtlara eksport edilipdir.

Iýun aýynda Türkmenistanyň hökümeti tebigy gazdan benzin öndürýän täze zawodyň ulanylyşa beriljegini yglan edipdi. Owadandepede gurlan kärhana ýylda 1.8 milliard kubometr gazy işläp, 600 müň tonna benzini we 12 müň tonna dizeli öndürmek üçin niýetlenýär. Bahasy 1 milliard 700 müň amerikan dollaryna durýan bu proýektiň maliýeleşdirilmegine Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky gatnaşypdyr.

Türkmenistanda öndürilen benzini geçmişde Birleşen Arap Emirlikleriniň, Estoniýanyň we Owganystanyň telekeçileri satyn alypdy.

Synçylaryň pikirine görä, benzin gytçylygy häkimiýetleriň daşary ýurtlara satýan benzininiň möçberini artdyrmagy bilen bagly bolmagy mümkin, sebäbi ýangyjyň ýurduň içindäki nyrhynyň pesligi onuň içerki bazarlarda satylmagyna gyzyklanmalary gowşadýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda dowam edýän benzin gytçylygynyň ýurduň awtomobil ýangyjynyň eksportyny artdyrmagyna näderejede baglydygyny resmi çeşmelerden anyklap bilmedi.

​Türkmenistanda benziniň nyrhy döwlet tarapyndan kesgitlenýär. 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri A-95-nji benziniň bir litri 1,5 manada, A-80 benziniň bahasy 1,2 manada we dizeliň bahasy 1,4 manada durýar.

​Awtomobil ýangyjy ençeme ýyllap döwletiň ilat üçin göz öňünde tutan ýeňillikleriniň biri bolupdy. 2008-2014 ýyllaryň aralygynda awtoulagy bolan raýatlara benziniň bellli bir möçberi mugt berilýärdi, emma şonda satuwdaky ýangyjyň bahasy ozalkysyndan 8 esse gymmatlapdy. 2015-nji ýylda benziniň bahasy ýene 60% gymmatlapdy. Soňky gezek benziniň bahasy 2018-nji ýylyň fewralynda gymmatlap, 50% ýokrlandy.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG