Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bütindünýä banky türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirmäge ‘taýýar'


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Bütindünýä banky türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirmäge taýýar diýip, Bütindünýä bankynyň nebit-gaz boýunça baş eksperti Aleksandr Huurdeman 22-nji oktýabrda Aşgabatda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “RIA Nowosti” neşiri habar berýär.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019” atly halkara sergide we maslahatda çykyş eden Huurdeman türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak barada ençeme gezek gepleşikleriň geçirilendigini, ýöne munuň hiç haçan durmuşa geçirilmändigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ol Hazar deňziniň hukuk statusy boýunça konwensiýa gol goýulmagy we 2020-nji ýylda Günorta gaz koridorynydöretmek boýunça işleriň tamamlanmagy netijesinde, türkmen gazyny Ýewropa akdyrmagyň hakykata has ýakyn bolandygyny belledi.

“Biz türkmen tarapy bilen tebigy gazy Ýewropa akdyrmak boýunça gepleşikleri geçirmäge taýýar” diýip, Bütindünýä bankynyň eksperti “RIA Nowosti” neşirine beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet mediasynda bu konferensiýanyň geçirilendigi barada habar çap edilse-de, onda Bütindünýä bankynyň ekspertiniň eden çykyşy barada maglumat berilmeýär.

“Türkmen ‘mawy ýangyjynyň’ Ýewropanyň bazarlaryna iberilmegini üpjün etmek üçin bu ugurda işler ýaýbaňlandyryldy. Şunda şu ýylyň iýulynda Türkmenistanyň hökümetiniň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de ÝB-niň atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýetiniň arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, Aşgabatda döredilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň işine uly ähmiýet berilýär” diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzinden çekilmegi göz öňünde tutulýan Trans-Hazar gaz geçiriji taslamasynyň üsti bilen türkmen tebigy gazynyň Günorta gaz koridoryna birikdirlip, onuň Ýewropa bazarlaryna iberilmegi maksat edinilýär.

Energiýa boýunça bilermenler bu taslamanyň Türkmenistanyň energiýa eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyna, şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşiginiň tebigy gazyň üpjünçiliginde Russiýa garaşlylygyny azaltmagyna ýardam berjekdigini aýdýarlar.

Merkezi Aziýa we energiýa meseleleri boýunça bilermen Brýus Panniýer 24-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Trans-Hazar gaz geçirijisi barada Bütindünýä bankynyň gürrüň etmeginiň möhüm meseldigini, sebäbi munuň halkara maliýe guramasydygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da, ol Trans—Hazar taslamasy babatda türkmen tarapynyň öňe gidişlik gazanmandygyny hem belledi.

“Eger olar [Bütindünýä banky] Trans-Hazar gaz geçirijisini maliýeleşdirmäge kömek bermäge islegli bolsa, onda bu tutuş taslamany pajarlap ösdürer. Türkmenistan bu taslama barada köp ýyllardan bäri gepleşikleri geçirip gelýän bolsa-da, Gündogar-Günbatar gaz geçirijisini gurmakdan daşgary, häzire çenli öňe gidişlik gazanmady. Sebäbi olaryň Hazara deňzine çenli çeken Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň dowamy Trans-Hazar gaz geçirijisi bolmaly, ýöne bu şol bir ýerde säginip galýar. Hazarýaka döwletlerinden Russiýa we Eýran deňizden çekiljek geçirijiniň Hazar deňziniň ekologiýasyna zyýan ýetirmegine alada bildirýändiklerini aýdýarlar” diýip, Panniýer aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ekspertiň pikiriçe, resmi Aşgabat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçmejekdigine indi düşünip başlan ýaly bolup görünýär.

“Soňky 6-7 ýylyň dowamynda prezident Berdimuhamedow Tarns-Hazar barada däl-de, TOPH-y goldap yzygiderli çykyş etdi. Owganystanda bu taslamany durmuşa geçirmek ýedi ýyl öň kyn bolan bolsa, häzir has-da kyn. Sebäbi bu ýurtda howpsuzlyk şertleri öňküsinden-de ýaramazlaşdy. Şol sebäpli olar Trans-Hazar gaz geçirijisine üns bermelimikä diýýän. Munuň üçin olara örän köp halkara goldawy gerek. Diňe maliýe goldawy däl, eýse Bütindünýä banky ýaly halkara guramalarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň düzümindäki ýaly ýurtlaryň, ýagny Russiýa bilen Eýrana garşylyk görkezip, olary ynandyryp biljek döwletleriň goldawy gerek” diýip, Panniýer aýtdy.

Ekspert Bütindünýä bankynyň eden beýanatynyň höweslendirijidigini, ýöne halkara kompaniýalaryny gyzyklandyryp, Trans-Hazaryň gurluşyk tapgyryna geçmek üçin taslamanyň geçirijileri we beýleki enjamlary üçin tenderleriň yglan edilýändigini görmegiň zerurdygyny hem nygtady.

Türkmenistan Trans-Hazar gaz geçirijisi arkaly ýylda 30 milliard kub metr türkmen gazyny Ýewropa akdyrmagy göz öňünde tutýar.

Gaz gorlarynyň göwrümi boýunça dünýäde ilkinji orunlarda durýan Türkmenistan öz gazyny häzirki wagtda diňe Russiýa we Hytaýa eksport edip bilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG