Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran protest “ýolbaşçylarynyň” 100 sanysynyň tutulandygyny aýdýar, internet böwedi saklanyp galýar


Tähran. Protest wagtynda otlanan bankyň harabaçylygy. 20-nji noýabr, 2019.
Tähran. Protest wagtynda otlanan bankyň harabaçylygy. 20-nji noýabr, 2019.

Eýranyň sud ulgamy ýangyç bahalarynyň gymmatladylmagy üstünde turan jemgyýetçilik gozgalaňlarynyň liderleri diýip bilinýän adamlaryň ýüze golaýynyň tussag edilendiigini boýun aldy.

Gazaply tutda-baslyk çäreleri häkimiýetleriň düzgün bozmalaryň mundan aňryk geçmegine ýol bermejegine duýduryş bolup göründi.

2017-nji ýylyň aýagynda ýurtdaky sosial-ykdysady kynçylyklar üstünde dörän köçe protestlerinden bäri geçen döwürde bu gezekki daraşmalar we tussag etmeler, eýran resmileriniň barha güýçlenýän gönümel haýbatlary, şol sanda protsetçileriň käbirine ölüm jezasynyň berilmelidigi baradaky sözleri bilen goşulyşyp, has gazaply boldy.

Eýran häkimiýetleri adatça protest wagtlarynda bolan pidalary we tussag edilenleriň sanyny azaldyp görkezýär. Munuň üstesine, internetiň tas bütin ýurt boýunça petiklenmegi hem bolan zatlary garaşsyz ýagdaýda anyklamak kynçylygyny güýçlendirdi.

BMG-niň adam hukuklary boýunça komissarynyň edarasy we beýleki toparlar onlarça demonstrasiýaçynyň öldürilendigini we köp adamyň ýaraly bolandygyny, tussag edilen adamlaryň hem has kän bolandygyny aýtdylar.

Tähran daşardan aýdylan sanlary “galplaşdyrylan” diýip häsiýetlendirdi we, hökümet 15-nji noýabrda ýangyç bahalarynyň ýokarlandyrylýandygyny yglan edeli bäri, Eýranyň şäherlerinde turan protestler mahalynda 9 adamyň ölendiginiň tassyk bolandygyny, 100-den gowrak adamyň bolsa tussag edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG